Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ukrain žurnalistiniň jesedi 16 ýyldan soň jaýlandy


Georgiý Gongadze ejesi Lesya Gongadze bilen (http://www.segodnya.ua sahypasyndan alyndy)
Georgiý Gongadze ejesi Lesya Gongadze bilen (http://www.segodnya.ua sahypasyndan alyndy)

Ukrainaly žurnalist Georgiý Gongadzeniň jesedi 16 ýyldan soň jaýlandy.

Gongadzeniň aýalynyň aklawçysy Walentyna Telyçenkonyň aýtmagyna görä, žurnalistiň jesediniň galyndylary 22-nji martda Kiýewde jaýlandy.

Ýokary derejedäki syýasy korrupsiýa barada maglumatlaryň üstünde işlän Gongadze 2000-nji ýylyň sentýabr aýynda ogurlanypdy. Onuň parçalanan jesediniň bölekleri Kiýewiň daşynda tapylypdy.

Ukrainanyň öňki prezidenti Leonid Kuçma Gongadzeniň ölümine gatnaşykda aýyplandy. Aýyplama onuň iş otagynda gizlin edilen ses ýazgysyna esaslanyldy.

2001-nji ýylda prokurorlar Kuçmanyň bu işe gatnaşygyny derňediler. Emma şol ýylyň aýagynda sud işi ýatyrdy.

2008-nji ýylda üç polisiýa ofiseri Gongadzeni öldürmek sebäpli uzak möhletli türme tussaglygyna höküm edildi. 2012-nji ýylda polisiýanyň öňki resmisi general Oleksiý Pukaç Gongadzeni öldürmekde günälenip, ömürlik türme tussaglygyna höküm edildi.

XS
SM
MD
LG