Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gyrgyzystan: 'Hökümeti agdarmak' baradaky diskussiýa derňelýär


Gyrgyz oppozisiýasynyň gurultaýy, 2015
Gyrgyz oppozisiýasynyň gurultaýy, 2015

Gyrgyz häkimiýetleri oppozision syýasatçylara degişlidigi aýdylýan iki ses ýazgysyny derňeýändiklerini aýdýarlar. Ses ýazgylarda hökümeti agdarmagyň ýollary barada pikir alyşyldy.

Içeri işler ministrliginiň metbugat-wekili Bakyt Seitowyň Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosyna 22-nji martda aýtmagyna görä, ses ýazgylaryň hakykydygy barlanypdyr.

Ses ýazgylar 21-22-nji martda internetde peýda boldy. Oppozision syýasatçylaryň birnäçesine meňzeş sesler Gyrgyzystanda häkimiýeti eýelemegiň ýollaryny maslahat etdiler.

Diskussiýa gatnaşandygy aýdylýan syýasatçylaryň biri Bektur Asanow şeýle söhbetdeşligiň bolandygyny tassyklady, emma hökümeti kanuny ýol bilen çalyşmak barada gürrüň edilendigini belledi.

Asanow ses ýazgynyň internetde peýda bolmagyny “oppozisiýany garalamak” boýunça synanyşyk diýip atlandyrdy.

XS
SM
MD
LG