Sepleriň elýeterliligi

Ýewropa liderleri Brusseldäki hüjümleri ýazgardylar


Ýewropa Geňeşiniň prezidenti Donald Tusk, Brussel, mart, 2016

Ýewropa Geňeşiniň prezidenti Donald Tusk, Brussel, mart, 2016

Ýewropanyň liderleri Brusseliň aeroportuna we metrosyna zarba uran heläkçilikli hüjümleri ýazgaryp çykyş etdiler.

“Bu hüjümler terrorçylaryň ýigrenjiniň we zorlugynyň ýene bir derejesini görkezýär”, diýip Ýewropa Geňeşiniň prezidenti Donald Tusk 22-nji martda aýtdy.

Fransiýanyň prezidenti Fransua Holland (Francois Hollande) “tutuş Ýewropa zarba uruldy”, diýip kontinenti “çynlakaý howpuň öňünde zerur ädimleri” ätmäge ündedi.

Germaniýanyň kansleri Angela Merkel hüjümleriň “terrorçylara garşy aýgytly hereketi” talap edýändigini belledi.

Kremliň metbugat-wekili Dmitriý Peskow prezident Wladimir Putiniň “bu wagşylarça jenaýatçylyklary berk ýazgarandygyny” aýtdy.

Şol bir wagtda-da Orsýetiň Daşary ministrligi terrorçylykly hüjümlere günbatarly syýasatçylaryň “goşa standartlarynyň” sebäp bolýandygyny belledi.

XS
SM
MD
LG