Sepleriň elýeterliligi

Sawçenko suduň hökümini ret edýär


Nadýa Sawçenko

Nadýa Sawçenko

Ors sudýasy Nadýa Sawçenkonyň köp adamlaryň ünsüni özüne çekip, dürli çekişmelere sebäp bolan jenaýat prosesinde karar çykarmaga başlanda, tussag edilen ukrainaly harby pilotyň adwokaty onuň çykarylan islendik karary ret etjekdigini bildirdi.

Pilotyň özi, ukrain hökümeti we Günbatar tarapyndan syýasy sebäpli diýip giňden tankytlanan sud prosesinde prokurorlar uruşdan ýaňa dargan gündogar Ukrainada iki sany orsýetli žurnalistiň heläklenmeginde eli bar diýip aýyplanýan Sawçenko 23 ýyl türme tussaglygynyň berilmegini soraýarlar.

"Höküm ony gyzyklandyranok. Ol munuň adalat bilen hiç bir ilteşiginiň ýokdugyna ynanýar" diýip, Sawçenkonyň adwokatlarynyň biri Nikolaý Polozow Orsýetiň ukrain serhediniň golaýynda ýerleşýän şäheri Donetskde sud zalynyň daşynda žurnalistlere aýtdy. Sud prosesi şu şäherde geçýär.

Sudýa öz gelen netijelerini jemleýänçä, karar resmi hasap edilenok, muňa 21-nji martda giçlik ýa-da 22-nji martda garaşylýar.

Ýöne sudýa Leonid Stepanenkonyň beýanaty onuň Sawçenkony günäli hasaplaýandygyny görkezýär.

Ol sudda 34 ýaşly Sawçenkonyň "öňünden edilen dildüwşük esasynda hereket edip, ýigrenç we duşmançylyk sebäpli iki adamyň ölümine sebäp bolandygyny" aýtdy.

Sudýa şeýle hem ony bir "jenaýatçy topara" agzalykda we "sany çäksiz adamlary" öldürmegi maksat edinenlikde aýyplady.

Orsýetiň habar gulluklary beýanata resmi günä karary hökmünde garaýarlar, şol sebäpden Sawçenkonyň adwokaty netije şeýle bolar diýip çaklaýar.

"Sawçenko barada çykarylan hökümde ol günäli ediler, oňa uzak möhletli türme tussaglygyny bererler" diýip, Sawçenkony goraýan adwokatlaryň biri Mark Feýgin Twitterde ýazdy.

Öz watanynda gahryman hasaplanýan pilot, ýagny uçarman gyz 2014-nji ýylda iki orsýetli žurnalistiň ölümine sebäp bolan minomýot hüjüminde gönükdirijilik edenlikde aýyplanýar.

Ors prokurorlary şeýle-de ony Orsýete bikanun girenlikde aýyplaýarlar.

Sawçenko bu aýyplamalary ret edip, özüniň 2014-nji ýylyň iýunynda bir meýletin batalýonda Orsýet tarapyndan goldalýan separatistlere garşy söweşip ýörkä tutulandygyny we zor bilen Orsýete äkidilendigini aýdýar.

Harby pilot 2015-nji ýylda sud prosesi başlaly bäri boýunegmezlik bilen öz tutumyndan dänmän gelýär. Ol öz tutulmagyna protest bildirip, birnäçe gezek açlyk yglan etdi.

Donetskde proses arakesmesinde Porozow Sawçenkonyň on günüň içinde Ukraina iberilmese, gaýtadan açlyk çekmäge başlap, suw içmegi hem goýjakdygyny aýtdy.

Sawçenkonyň sud işi halkara derejesinde gahar-gazap döretdi we tankytçylar Kremli bu prosesi ile göz etmek üçin gurnamakda aýyplaýarlar.

Halkara günä geçiş guramasy Amnesty International 21-nji martda prosesi berk tankytlap, onuň halkara standartlaryna gabat gelmeýändigini aýtdy. Prosesiň syýasy päsgelçiliksiz we gaýtadan geçirilmegine çagyrdy.

"Aldawçylykly, bütinleý syýasylaşdyrylan prosesden soň Nadýa Sawçenkony türmä ibermek ýürek bulaýjy zat" diýip, guramanyň Ýewropa we Orta Aziýa boýunça direktory Jon Dalhuisen belledi.

Germaniýanyň daşary işler ministri hem bu proses "kanunçylygyň prinsiplerini opurdy" diýdi.

21-nji martda Ukrainanyň prezidenti Petro Poroşenkonyň metbugat gullugy prezidentiň aýaly Marina Poroşenkonyň prezident Obamanyň aýaly Mişel Obama jaň edip, ondan Sawçekonyň boşadylmagy üçin kömek sorandygyny bildirdi.

Ukrain hökümeti Sawçenkonyň Orsýet tarapyndan alnyp gaçylandygyny aýdyp, oňa uruş ýesiri hökmünde garalmalydygyny nygtaýar.

Ýewropa Bileleşigi bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlary Kiýewi berk goldaýarlar. Amerikanyň wise-prezidenti Jo Baýden (Jo Biden) üstümizdäki aýyň başlarynda Sawçenko "Ukrainanyň milli guwanjyna we güýjüniň alamatyna" öwrüldi diýdi.

Ýewropa Parlamentinuň elliden gowrak agzasy 8-nji martda hat ýazyp, ors prezidenti Wladimir Putiniň, şeýle hem Sawçenkonyň tutulmagy bilen baglanyşykly beýleki 28 adamynyň garşysyna sanksiýa girizilmegine çagyrdylar.

Ors parlamentiniň ýokarky öýüniň Halkara işler boýunça komitetiniň başlygy Konstantin Kosaçýew haty ret edip, kanun çykaryjylary ors suduna bikanun basyş etmäge synanyşýanlykda aýyplady.

Bu aralykda ukrain häkimiýetleri Moskwa bilen bolan parahatçylyk gepleşiklerinde Ukraina wekilçilik edýän bir kanun çykaryja ýurda baryp, sud prosesine gatnaşmagyna ýol bermändigi üçin Orsýeti berk tankytlaýarlar.

Atyşyklary bes etmek baradaky gepleşiklerde ynsanperwerlik meselelerine gözegçilik edýän Irina Geraşenko Orsýetiň howpsuzlyk gullugy FSB-niň 21-nji martda özüne milli howpsuzlyga abanýan wehim diýip garalýandygy barada habar berendigini aýtdy.

Ukraianyň Daşary işler ministrligi "berk protest" bildirip, Orsýeti Sawçenkonyň garşysyna höküm çykarylanda Geraşenkonynyň ol ýerde bolmagynyň öňüni almak üçin, bilgeşleýin "ýasama päsgelçilik" döredýänlikde aýyplady.

XS
SM
MD
LG