Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Soçide Olimpiadadan soň ýaşaýyş barmy?


Soçidäki olimpiýa parky
Soçidäki olimpiýa parky

"Nastoýaşeýe wremýa" (”Häzirki wagt”) gepleşiginiň ýörite habarçysy Andreý Korolýow "Soçi 2014 atly uly oýundaky" kiçi adamlaryň ykbaly hakynda...

"Nastoýaşeýe wremýa" gepleşigi "Soçide Olimpiadadan soň ýaşaýyş barmy?" diýen yzygiderli makalalar toplumyny çap edip başlaýar.

Daglaryň içinde ýitip giden Ahştyr obasy özüniň iki sany äpet jary bilen dünýä belli bolupdy. Ol ýerden Olimpiadanyň ymaratlarynyň toplumynyň gurluşygy üçin köp mukdarda daş alnyp äkidilipdi. Dagdan gurluşyk materiallaryny öndürýänler Soçiniň milli goraghanasynyň edil ortarasynda ýerleşýän Ahştyr obasyny göýä diýersiň söweş meýdançasyna öwrüpdiler. Bir tarapda ýerli ýaşaýjylar, beýleki tarapda bolsa "Olimpstroý" atly döwlet firmasy ençeme tonnalyk äpet gurluşyk tehnikasy bilen ýedi ýyllap gije-gündiz diýmän hüjüm edipdi.

Olimpiada oýunlarynyň başlamagyna bir ýyl galanda Nadýa daýzanyň agaçdan salnan jaýy şol äpet ýük ulaglarynyň döredýän sarsgynyna çydap bilmän çagşapdyr.

Nadýa daýza Ahştyryň çarkandakly ýolunda büdräp, aýagyny hem döwüpdir. Ol henizem hasasyna daýanyp, ýöreýär we şähere lukmanyň ýanyna gidip bilmeýäni üçin närazy bolýar. Ahştyrda, edil bir ýyl mundan öňküsi ýaly, awtobus diňe daň bilen bu taýdan ýola çykýar.

Çagalar mekdebe gitmek üçin obany medeniýetden daşlaşdyran Olimpiadanyň awtoulag we otly ýollarynyň döredýän päsgelçiliklerinden geçmeli bolýarlar. Nadýa daýza öz agaç jaýyny owal asudalykda guranam bolsa, indi üznüksiz howp astynda gorkup ýaşamaly bolýar.

"Hemme ýagdaý gaty bulaşdy. Hemme zat dargaýar. Ynha, şeýle bir mydar edýän ojagymyz bar. Men oňa odun salyp ýylanýaryn" diýip, Ahştyr obasynyň ýaşaýjysy Nadežda Kuharenko nägilelik bilen gürrüňini dowam edýär: ”Men gije ýatyp, uklap bilemok. Meniň gapymyň gulpy ýapylmaýar. Meniň itim adama üýrmeýär. Ol diňe oýnamany gowy görýär. Şonuň üçinem bar bileni oýun. Men biri öýe girer öýdüp, gaty howpurgaýan".

"Hudaýyň hem unudan obasy" diýilýän ýeri bolan bu ýer Olimpiada oýunlarynyň yz ýanyndan derrew Soçiniň ýerli häkimýetleriniň üns merkezine öwrüldi. Ahştyryň arçyny Aleksandr Koropow öz şahsy mülküne Soçiniň ýerli häkimýetleriniň uly gyzyklanma bildirýändigini aňypdyr. Aýdylyşyna görä, olar Koropowyň jaýynyň milli goraghananyň çäginde gurlandygyny aýdyp, 20 sotok ýer bilen degişli hojalyk tutuşlygyna Soçiniň şäher häkimliginiň ygtyýaryna geçirilmeli diýen karara gelipdirler. Olaryň öňe sürmegine görä, onuň jaýy Adlerden Gyzyl meýdana barýan awtoulag ýolunyň howpsuzlyk üpjünçüligine päsgelçilik döredýärmiş.

"Biziň şäher häkimligimiziň ýolbaşçylary meni aldawa düşürdiler. Olar meniň ähli mal-mülkümi elimden aldylar. Men bu ýerde oba hojalyk işleri bilen meşgullanýaryn, başga iş edemok ahyryn. Dogrymy aýtsam, men bu ýerde zordan güzeranymy aýlaýaryn" diýip, Ahştyryň oba arçyny Aleksandr Koropow "Nastoýaşeýe wremýa" gepleşigine beren interwýusynda aýdýar.

Koropow Soçiniň ýerli häkimýetleriniň "Olimpstroý" firmasyna garşy Olimpiada oýunlary ymaratlar toplumynyň gurluşygyna başlanmanka eden çykyşy sebäpli özünden ar alýandygyny nygtaýar. Ol, äpet ýük ulaglarynyň gurluşyk tamamlanýança ýedi ýyllap obany dargadandygyny belleýär. Olimpiada bolsa özüne garşy çykan ol aktiwisti soň öýsüz-öwzarsyz ýagdaýa düşüripdir. Edil şonuň ýaly ýene onlarça maşgalanyň jaýlary hem Olimpiada oýunlaryna taýýarlygyň zulumyna uçrady.

Andreý Korolýow, "Nastoýaşeýe wremýa".

XS
SM
MD
LG