Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gürji şäherinde hristian-musulman dawasy


Illýustrasiýa
Illýustrasiýa

"Hristian, ýagny haçparaz gürjüler üçin gonamçylykda, merhum depin edilende öleniň ruhuna saglyk diläp alkagolly içgi içmek hormat hasaplanýan bolsa, bu musulmançylykda mazara hormatsyzlyk hasaplanýar".

Gürjüstanda dini dartgynlylyk üçin täze bir ýer döredi. Samtskhe-Jewaheti sebitiniň Adigeni şäherinde musulman hem hristian toparlarynyň arasynda uly dawa turdy. Bolan wakada üç musulmana şikes ýetendigi habar berilýär.

Ýurduň günortasynda ýerleşýän Samtskhe-Jewaheti sebitinde ýerleşýän ol şäherde gürjüler bilen bilelikde ermeni, osetin we azerbaýjanlylar bilelikde ýaşaýarlar.

Dawa musulmanlar üçin täze gonamçylyk üçin ýer açylmagy baradaky planlar bilen baglanyşykly başlanypdyr. Ýerli hristianlar. musulmanlaryň özbaşdak gonamçylyk döretmegine garşy çykýarlar. Şol bir wagtyň özünde merkezi hökümet hem olaryň bu islegini kanuny hasaplaýar. 25-nji fewralda dini işler baradaky döwlet gullugy ýerli häkimiýetlere täze gonamçylyk üçin musulmanlara ýer bölünip berilmegini maslahat beripdir.

Ýöne 29-njy fewralda ýerli häkimiýetiň ýolbaşçysy, ýagny şäher häkimi Zakariýa Endeladze märekä täze kabul edilen karary habar bermek üçin gelen mahaly ullakan dawa turupdyr.

Serhoş ýagdaýda...

Şäheriň ýaşaýjysy Zurab Tabizde, haýsam bolsa bir oňaýsyz wakanyň ýüze çykmazlygy üçin, resmilerden kararyň başga wagt çözülmegini maslahat beripdir. Sebäbi şol gün haçparazlaryň öz dini baýramyny belleýändigi üçin, olaryň aglabasy serhoş ýagdaýda ekeni.

Ýöne muňa garamazdan, resmiler şeýle günde täze gonamçylyk üçin ýörite bir ýeriň saýlanyp berilmegi barasyndaky karary märekä ýetirmek üçin şähere gelipdirler. Haçparazlar bilen musulmanlaryň arasyndaky düşünişmezlik hem hut edil şol pursatda ýüze çykypdyr. Bir haçparaz şäher ýaşaýjysy hristianlaryň şäherde iki sany gonamçylygyň bolmagyna rugsat bermejekdigini aýdypdyr.

Ol haçparaz "Hristianlar nirede jaýlanýan bolsa, goý, musulmanlar hem şol ýerde jaýlansynlar. Eger olar muňa garşy bolsalar, onda olar, goý, öz ölüsini islän ýerine äkidip jaýlasyn. Ýerli häkimýet nähili karar kabul etse edibersin, olaryň hemmesi kagyz ýüzünde galar. Täze bir gonamçylygyň döredilmegine rugsat bermeris" diýipdir.

Musulman jemgyýetiniň wekilleri owallar şeýle ýagdaýyň hem bolandygyny aýan edipdirler. Olar Adigeni şäherinde bolan tebigy berbagtçylykdan soň Ajarystanyň daglyk bölegine göçürilipdirler. Olaryň käbiri aradan çykan hossarlaryny Ajarystandaky maşgala gonamçylygynda jaýlan bolsa, käbiri hem golaýdaky musulman şäherlerine äkidipdirler. Ýöne jynaza bilen bilelikde gaty uzak menzil ýol geçmek gaty hupbatly bolany üçin musulmanlar meseläni kanuny ýol bilen çözmek isläpdirler.

Içgi meselesi

Samtskhe-Jewahetiniň müftüsi Mamuka Waşakmadze ýerli hristianlaryň, musulmanlaryň gonamçylygy döredenden soň onuň yz ýanyndan metjit we minara hem dikeldiljekdigi barasynda öňe sürýän garaýyşlarynyň hakykata gabat gelmeýändigini aýdypdyr. Onuň beren düşündirişine görä, haçparazlar bilen musulmanlaryň adam jaýlamak däpleri düýpgöter tapawutly. Ýagny haçparaz gürjüler üçin gonamçylykda merhum depin edilende, öleniň ruhuna saglyk diläp alkagolly içgi içmek hormat hasaplanýan bolsa, bu musulmanlar üçin mazara hormatsyzlyk hasaplanýar. Müftiniň pikrine görä, ýerli häkimýetler bu dawany çözmek üçin tutanýerlilik görkezmeýärler. Şonuň üçinem ol premýer-ministr bilen bilelikde hökümeti we merkezi dolanyşygy bu problemany çözmäge çagyrýar.

Musulmanlar hem edil haçparazlar ýaly şäher häkimi Endeladzäni gynaýarlar. Kamgebeliniň özi hem ýagdaýdan ynjalyksyzlanýar. Kabul edilen karar barasynda halka sala salynmalydygyny belleýär.

Polis güýçleri bolsa, ol ýerde ýaşaýan iki jemgyýetiň biri-biri bilen çaknyşmazlygy üçin şäheriň edil ortarasyndan ikä bölüpdir. Agşamara Din gullugynyň wekili hem ýagdaýa doly göz ýetirendigini aýan edipdir we halka kanuny bozmazlyga çagyrypdyr.

Dawa bilen baglanyşykly "dini ynanja görä adam alalamak" maddasy esasynda jenaýat işi gozgalypdyr. Ol madda jerime ýa-da iki ýyl azatlykdan mahrum edilmegi ýaly jezalary göz öňünde tutýar.

Häzirki wagtda ombudsman topary we adam hukuklaryny goraýan jemgyýetleriň wekilleri ol ýerdäki ýagdaýy synlaýarlar. Hukuk goraýjylar, dini azlyklaryň wekilleriniň ýörite yzarlanmagy ýaly ýagdaýlaryň artmagyna hökümet tarapyndan görkezilýän oňaýsyz reaksiýa höküminde baha berýärler. Olar hökümeti iň bärkisi häzirki ýagdaýda meselä çynlakaý çemeleşmäge we reaksiýa bildirmäge çagyrýarlar.

XS
SM
MD
LG