Sepleriň elýeterliligi

Akaýewiň giýewsi Dubaýda tutuldy


 Askar Akaýew maşgalasy bilen

Askar Akaýew maşgalasy bilen

Gyrgyzystanyň öňki prezidenti Askar Akaýewiň giýewsi Dubaýda, Birleşen Arap Emirliklerinde, Bişkegiň talaby esasynda tussag edildi.

Gyrgyzystanyň Içeri işler ministrliginiň sözçüsi 23-nji martda Azatlyk radiosyna häzir Adyl Toýhanbaýewiň Gyrgyzystana deportasiýa edilmegi barada pikir edilýändigini aýtdy.

50 ýaşyndaky Toýhanbaýew Gazagystanyň raýaty bolup, Akaýewiň gyzy Bermet Akaýewanyň adamsydyr. Ol Gyrgyzystan tarapyndan hamala salgytdan gaçandygy we maliýe galplyklary üçin gözlenilýär.

Toýhanbaýew 2013-nji ýylda Gazagystanyň häkimiýetleri tarapyndan, Interpolyň talaby esasynda hem tussag edildi. Emma şonda Gazagystan öz raýatlaryny daşary ýurda ekstradisiýa etmeýändigini aýdyp, ony Bişkege bermedi.

Toýhabaýewiň gaýny, 71 ýaşyndaky alym Askar Akaýew 2005-nji ýylyň martynda hökümete garşy protestler arkaly häkimiýetden çetleşdirileli bäri Moskwada ýaşaýar we gyrgyz häkimiýetleri ony korrupsiýada aýyplaýarlar.

XS
SM
MD
LG