Sepleriň elýeterliligi

Günorta Gyrgyzystana polisiýa 'meýletinçileri' eltildi


Oş polisiýasy

Oş polisiýasy

Gyrgyzystanyň günorta şäheri Oşa ýerli saýlawlardan we planlaşdyrylan protestlerden öň 3 müň çemesi polisiýa ofiseri eltildi.

Oşuň regional polisiýa bölüminiň sözçüsi Jeniş Aşyrbaýew Azatlyk radiosyna Oşuň merkezi meýdançasyndaky polisiýa ofiserlerine 22-nji martda 2 müň çemesi meýletinçiniň hem goşulandygyny aýtdy.

Aşyrbaýewiň sözlerine görä, polisiýa ofiserleriniň we meýletinçileriň şäher merkezine getirilmegi 27-nji marta bellenen ýerli saýlawlardan öň planlaşdyrylan howpsuzlyk tälimi bilen bagly.

Oppozisiýa toparlary bu şäherde 24-nji martda köpçülikleýin protest geçirjekdiklerini yglan etdiler.

22-nji martda oppozisiýa goldawçylary günortadaky başga bir şäherde, Kerbende toplanyp, hökümeti gyrgyz-özbek serhedindäki oňuşmazlyklary çözüp bilmezlikde tankytladylar.

XS
SM
MD
LG