Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Sawçenko 22 ýyl tussaglyga höküm edildi


Nadia Sawçenko 22 ýyl türme tussaglygyna höküm edildi.
Nadia Sawçenko 22 ýyl türme tussaglygyna höküm edildi.

Günorta Orsýetdäki sud ukrain harby piloty Nadia Sawçenkä bildirilýän aýyplamalaryň ählisinde günäli tapdy we 22 ýyl türme tussaglygyna höküm etdi.

Şeýle-de ol 30 müň rubl jerime tölemeli edildi. Orsýetiň Donetsk şäher sudunyň sudýasy Leonid Stepanenko Sawçenkonyň 2014-nji ýylyň 30-njy iýunyndan bäri türmede oturan wagtynyň hem tussaglyk möhletine girýändigini aýtdy.

Gapma-garşylykly sud diňlenişigi höküm okalyp başlanmazynyň öň ýanynda, Sawçenko ukrain watançylyk aýdymyny aýtmaga başlanda gysga wagtly togtadyldy.

Orsýetiň Baş prokuraturasynyň edarasy bu suduň höküminden kanagatlanandygyny aýtdy.

Prezident Petro Poroşenko özüniň, eger Orsýet Sawçenkony Kiýewe berse, onuň deregine gündogar Ukrainada söweşýän wagty tutulan iki rusy bermäge taýýardygyny aýtdy.

XS
SM
MD
LG