Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Belgiýa ýas tutýar


Güman edilýän üç bombaçy
Güman edilýän üç bombaçy

Belgiýa Brýusselde azyndan 34 adamy öldüren, 200-den gowrak adamy ýaralan partlamalardan soň üç günlük ýas yglan etdi.

22-nji martda Zawentem aeroportynda bolan goşa partlamanyň we metro stansiýasynda bolan partlamanyň «Yslam döwleti» toparynyň ekstremistleri tarapyndan amala aşyrylandygy aýdyldy.

Belgiýanyň metbugaty 23-nji martda aeroportda özlerini partladanlaryň doganlar Halid we Brahim Bakrau (Bakraoui) bolandygyny habar berdi. Habarda aýdylmagyna görä, bu iki dogan polisiýa tarapyndan bilinýän eken.

Olar bilen aeroportda suraty alnan üçünji adam henizem gözlenilýär. Bir habarda onuň bireýýämden bäri gözlenilýän Najim Lakraudygy (Laachraoui) aýdylýar.

Doganlaryň biri Brýusseliň Tokaý etrabynda, geçen hepde bolan atyşykda polisiýanyň bir ýaragly adamy öldüren ýerinde kireýine jaý alanda, galp at ulanypdyr.

XS
SM
MD
LG