Sepleriň elýeterliligi

Orsýet gepleşiklerde sabyrlylyga çagyrýar


Ženewa, Asaad Al-Zoubi, Ýokary gepleşikler komitetiniň agzasy

Ženewa, Asaad Al-Zoubi, Ýokary gepleşikler komitetiniň agzasy

Orsýet Ženewada Siriýa parahatçylyk gepleşiklerine gatnaşýan taraplaryň ählisini sabyr-kanagatly bolmaga çagyryp, bu hili gepleşikleriň hemişe uzak we kyn bolýandygyny aýtdy.

"Hiç kim bu gepleşikleriň aňsat boljagyna garaşmaýardy, onsoň bu ýerde eýýämden sabyryňy ýitirmek dogry bolmaz» diýip, Kremliň sözçüsi Dmitriý Peskow 23-nji martda aýtdy. «Bu ýerde ähli taraplaryň örän kän sabyrlylyk görkezmegi zerur» diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

Ol bu sözleri žurnalistleriň soraglaryna jogap berende aýtdy. Olar ondan Moskwa Damask delegasiýasyny parahatçylyk gepleşiklerinde Siriýadaky syýasy geçiş baradaky anyk gürrüňe goşulmaga iterip bilermi diýip soradylar.

Germaniýanyň daşary işler ministri Frank-Walter Steinmeiýer hem 23-nji martda indi parahatçylyk gepleşiklerinde wagt ýitirmeli däldigini aýtdy. Ol Moskwada Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrow bilen duşuşanyndan soň taraplaryň ählisini gepleşikleri haýallatmazlyga çagyrdy.

ABŞ-nyň döwlet sekretary Jon Kerri bolsa, Siriýada parahatçylygy dikeltmek umydy bilen, Moskwa, prezident Wladimir Putin we daşary işler ministri Lawrow bilen gepleşmäge barýar.

XS
SM
MD
LG