Sepleriň elýeterliligi

Soňky birki günlükde Marynyň meşhur “Gök bazary” ýapylyp, onuň daşyna haýat aýlandy. Bu ýere gurluşyk tehnikasy getirlip, häzirki wagtda bazaryň içinde käbir gurluşyk işleri alnyp barylýar. Häkimiýetler bu ýerde nähili işleriň geçirilýändigi barada halk köpçüligine hiç hili maglumat bermeýärler.

Emma il arasyndaky gürrüňlerden çen tutulsa, bu bazar rekonstruksiýa edilýärmiş, ýagny ol täzeden gurulýarmyş. Bu ýerde uly söwda merkeziniň guruljakdygyny aýdýanlar hem bar. Ýöne häkimiýetler welin, iň bärkisi bu gurluşygyň haçan gutarjagy hakda hem halka anyk zat aýdylmaýar.

Adatça, daşyna haýat aýlanan gurluşyk obýektlerinde nähili işleriň alnyp barylýandygy, gurluşygyň kim tarapyndan amala aşyrylýandygy, onuň gutarjak wagty barada maglumat ýazylan plakatlar asylýar. Emma Marynyň ”Gök bazarynyň” daşynda munuň ýaly plakatlar ýok.

Oňa derek göze ilýän ýagdaý - häzirki wagtda bu bazardaky öňki gyzgalaňly söwdadan indi nam-nyşan galmandygy, bazaryň boşap galanlygy. Bazaryň öňki söwdagärleri indi tapan ýerine göçýärler. Olaryň köpçüsiniň barýan ýerleri häzir Marynyň içindäki “Merw” “Güneş” “Lälezar” ýaly bazarlar.

Netijede häzir ol ýerlerde dükanlaryň gytçylygy emele geldi. Bu hem söwda nokatlarynyň arendasynyň galmagyna we öz harydyna satmaga ýer tapmadyk söwdagärleriň-de söwda-satygy iň bärkisi wagtlaýynça duruzmagyna getirdi.

Marynyň ”Gök bazary” şäheriň merkezinde bolansoň, iň gelim-gidimli bazarlaryň biri diýlip hasaplanýardy. Onsoň häzirki dörän ýagdaý öň gündelik diýen ýaly bu bazaryň hyzmatyndan peýdalanan ilata-da öz täsirini ýetirýär. Galyberse-de, bu bazar onlarça, belki-de ýüzlerçe maşgalanyň zähmet hem eklenç çeşmesidi.

Şu sebäpden Marynyň ”Gök bazarynyň” ýapylmagy diňe satyjylary däl, alyjylary hem alada goýdy. Söwdagärler kynlyk bilen ýola goýyan söwda-satygyny doly ýatyryp, täzeden başlamaly boldular. Aýtmaklaryna görä, dükanlaryny ýapmak üçin hem söwdagärlere diňe 4–5 gün möhlet berlipdir.

“Başda bazary boşaltmaly, bazar ýapylýar diýen gürrüň ýaýrady, emma soňundan gözegçiler gelip, bir hepdäniň içinde bazary boşatmaly diýdiler. Bu habary eşidip gaty gynandym, men bu ýeri 15 müň dollar berip, 5–6 aýlykda elden satyn aldym, indem özüni ödemänkä boşatmaly boldum” diýip, özüni Baýram diýip tanadan 35 ýaşlaryndaky söwdagär aýdýar.

Bu bazaryň içindäki söwdagärleriň hiç birine-de kompensasiýa, ýa bolmasa başga bazarlardan täze söwda nokatlary berilmändir. Bu ýagdaý Baýram ýaly onlarça söwdagäriň on müňlerçe dollar ýitirmegine sebäp bolýar.

Emma ýerli administrasiýa bolsa ýitgi meselesinde söwdagärleriň özleriniň günälidigini aýdýar. Adynyň agzalmazlygyny soran bazaryň administrasiýasynyň öňki işgärlerinden biri Azatlyk Radiosyna bu barada şeýle gürrüň berdi: “Bazar administrasiýasy söwdagärlere nähilidir bir kompensasiýa tölemäge borçly däl, sebäbi bazaryň içindäki söwda nokatlary söwdagärlere kireýine berilýär. Emma söwdagärler özara ylalaşyk bilen bu ýerdäki söwda nokatlaryny ýokary bahadan satýarlar”.

Bu ýagdaýa kimiň jogapkärdigine garamazdan, söwdagärler üçin olaryň öz anyk maliýe ýitgisi bir ýana, bazaryň geljekki ykbalynyň näbelliligi-de – bir ýana. Sebäbi bazaryň mundan beýläk ulanyşyga berlip-berilmejegi barada hem kelam agyz söz aýdylmaýar.

“Rekonstruksiýadan soňra dükanlarymyzy yzyna bererler, rekonstruksiýa diýlende diňe remont işleri geçiriler diýdiler. Onuň näderejede dogrudygyny men bilemok, bazar administrasiýasynyň bu gürrüňi başyndan sowjak bolup aýdýan bolmagam mümkin” diýip, özüni Ýusup diýip tanadan 40 ýaşlaryndaky beýleki bir söwdagär ildeşimiz gürrüň berýär.

Bu bazar ýurduň içindäki özboluşly gündogar arhitekturasyna laýyk edip gurlan, üsti gümmezli ýeke-täk ýapyk bazarlaryň biridi. 90-njy ýyllarda gurlan bu bazar il arasynda ozaldan ”Gök bazar” diýlip atlandyrylýar. Marynyň meşhur ”Gök bazarynda” häzire çenli 100-150 aralygynda söwda nokatlary bardy.

XS
SM
MD
LG