Sepleriň elýeterliligi

Brýussel: Bombaçylaryň şahsyýetleri aýan edildi


Güman edilýän bombaçylar

Güman edilýän bombaçylar

Brýusselde azyndan 34 adamyň ölümine we iki ýüzden agdyk adamyň ýaralanmagyna sebäp bolan üç bombadan soň Belgiýa üç günläp ýas tutýar.

22-nji martda Zawentem aeroportunda bolan goşa partlamanyň şeýle hem metro stansiýasynda bolan üçünji partlamanyň jogapkärçiligini "Yslam döwleti" atly ekstremistik topar öz üstüne aldy.

Belgiýanyň habar serişdeleriniň 23-nji martda bildirmegine görä, aeroporta hüjüm edip, özlerini ýaran bombaçylar iki dogan Halid bilen Brahim el-Bakrawi.

Agşamara şäheriň taryhy skwerine ýüzlerçe adam ýygnanyp, ölenleriň hatyrasyna şem ýakyp, gül goýdular.

Hüjümlerden soňra Belgiýada howpsuzlyk derejesini ýokarlandyrylyp, tutuş ýurtda gözleg işleri ýola goýuldy.

Partlamalarda 180-den agdyk adamyň ýaralanandygy aýdylýar. Saglygy goraýyş ministri Maggi de Blokýaralananlaryň köpüsiniň agyr ýagdaýdadygyny aýdýar.

Belgiýanyň howpsuzlyk gulluklarynyň ýurduň paýtagtynyň Şärbeek böleginde ençme oýi dökendigi we partlaýjy maddalary hem-de "Yslam döwleti" atly jeňçi toparyň baýdagyny tapandygy aýdylýar.

"Yslam döwleti" toparynyň bir websaýty hüjümi amala aşyranlar "halyfatyň esgerleri" diýdi.

Bu topar bilen ilteşikli "AMOQ" habar gullugy: "Bomba hüjümlerini partlaýjy guşaklar we beýleki enjamlar bilen amala aşyranlar 'Yslam döwletiniň' söweşijileri. Olar Belgiýanyň paýtagty Brýusseliň merkezinde bir aeroport bilen merkezi metro stansiýasyny nyşana aldylar" diýip, hüjümleriň jogapkärçiligini "Yslam döwleti" atly toparyň öz üstüne alýandygyny bildirdi.

Birleşen Ştatlaryň prezidenti Barak Obama "bigünä adamlaragarşy edilen elhenç hüjümi" ýazgardy.

Ýewropa Bileleşiginiň liderleri hem gahar-gazap bildirip,Şwesiýanyň premýer-ministri hüjümleri "demokratik Ýewropanyň garşysyna edilen hüjüm" diýip atlandyrdy.

Ýewropa Bileleşiginiň prezidenti Donald Tusk: "Bu hüjümler ýigrenç we zorluga gulluk edýän terroristleriň aslynyň pesligini görkezýän ýene bir alamat" diýdi.

Internetde ýaýradylan suratlarda dargap weýrançylyga öwrülen aeroprtdan käbir görnüşler görkezilýär.

22-nji martda bolan partlamalar Pariž hüjümlerinde eli bar diýip güman edilýän Saleh Abdeslam tutulanyndan dört gün soňra boldy.

Brýusseliň şäher häkimi Ywan Maýeur aeroportda on dört adamynyň ölendigini, 81 adamynyň hem ýaralanandygyny habar berdi. Ýöne beýleki habarlarda ol ýerde ölenleriň sany on bir diýip berilýär.

Maýeuriň bildirmegine görä, metro stansiýasynda bolan partlamada azyndan 20 adam ölüp, 106 adam ýaralanypdyr. Bularyň arasynda 17 adam agyr ýaraly.

Brýusselde bolan hüjümler gahar-gazap döretdi we dünýä liderleri Belgiýa raýdaşlyk bildirdiler.

Fransiýanyň prezidenti Françios Holland "tutuş Ýewropa zarba uruldy" diýip, kontinenti "howpuň çynlakaýlygy sebäpli gujurly ädimleri" ätmäge çagyrdy.

Holland bilen geçirilen gyssagly duşuşykdan soň Fransiýanyň premýer-ministri Manuel Walls: "Biz uruşda. Biz soňky birnäçe aýlykda uruş hüjümlerine uçradyk" diýdi.

Germaniýanyň kansleri Angela Merkel "Ýigrenji hüjümlere terrorizme garşy aýgytlylyk bilen gaýtawul berilmeli" diýdi.

Britaniýanyň premýer-ministri Dawid Kameron hem: "Bu terroristleriň utuş gazanmagyna biz asla ýol bermeris" diýip, söz berdi.

Kuba sapar eden Obama Birleşen Ştatlar Belgiýa bilen "raýdaşlyk" bildirýär diýdi.

Ol jenaýatkärleri adalatyň öňünde dikeltmek üçin Belgiýa berilmeli kömek barada Waşingtonyň "näme zerur zat bolsa" gaýgyrmajakdygyny aýtdy.

Müsürde sünni yslamyň esasy taglymat merkezi bolan Al-Azhar uniwersiteti hüjümleriň "çydamly yslamyň taglymatlaryna tersdigini" belledi.

Ýöne Orsýetiň daşary işler ministrliginiň sözçüsi Maria Zaharowa terroristleri Ýewropada terroristik hüjümlere iterýän Günbataryň "goşa ahlaga uýmasy" diýdi.

Ýewropa Bileleşiginiň baş diplomaty Federika Mogerini hüjümleriň "radikalçylygyň" netijeleridigi belli diýip, ýewropaly we orta gündogarly liderleri bu problemany ýeňip geçmekde hyzmatdaşlyga çagyrdy.

Tutuş Ýewropada aerportlarda howpsuzlyk çäreleri güýçlendirildi.

Öten noýabrda bolan hüjümlerden bäri ýurtda adatdan daşary ýagdaýy saklaýan Fransiýa özüniň Belgiýa bilen aralykdaky serhedinde howpsuzlygy has-da berkitdi.

XS
SM
MD
LG