Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Bugaýew: Monopoliýa çilimiň gara bazaryny 'gülleder'


Türkmenistanda öndürilen temmäki
Türkmenistanda öndürilen temmäki

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýurda temmäki önümlerini getirmegiň we satmagyň ähli ygtyýaryny diňe Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligine berdi.

Şol bir wagtda ýurtda eýýäm çilimiň arzyly harytdygy, hatda onuň para-pul ýerine hem kabul edilýändigi aýdylýar. Türkmenistanda çilim kontrabandasy üçin ýyl kesilen öňki tussag, gazak raýaty Erik Supuşewiň Türkmenistandan alternatiw habarlary çap edýän gurama aýtmagyna görä, Türkmenistana barýan ýük maşynlarynyň sürüjileri ol ýerde para bermek üçin ýanlaryna köp çilim alýarlar.

Eýsem täze kararyň nähili netijeleri bolup biler, Azatlyk radiosy bu barada aşgabatly ýazyjy Amanmyrat Bugaýew bilen söhbetdeş boldy.

please wait

No media source currently available

0:00 0:04:03 0:00

XS
SM
MD
LG