Sepleriň elýeterliligi

Moskwa: Kerri Lawrow bilen duşuşýar


ABŞ-nyň döwlet sekretary Jon Kerri (ç) we Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrow (s), Moskwa, 24-nji mart, 2016

ABŞ-nyň döwlet sekretary Jon Kerri (ç) we Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrow (s), Moskwa, 24-nji mart, 2016

ABŞ-nyň döwlet sekretary Jon Kerriniň Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrow bilen geçirýän duşuşygynyň Siriýa we Ukrainadaky krizise gönükdiriljekdigi aýdyldy.

Kerri 24-nji martda Moskwada Lawrow bilen gepleşikleriniň öňýanynda eden çykyşynda Siriýada duşmançylygy bes etmek boýunça “gowşak” ýaraşygyň “käbir progres” döredendigini aýtdy.

Lawrow “halkara jemgyýetçiliginiň Ukrainadaky krizisiň durnuklanmagyna nähili kömek berip biljekdigi” barada maslahat etmek niýetiniň bardygyny belledi.

Kerri Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin bilen duşuşar.

ABŞ-nyň döwlet sekretarynyň Orsýetiň ýolbaşçylary bilen gepleşikleriň dowamynda Siriýanyň prezidenti Başar al-Assady wezipesinden çetleşdirmek meselesini hem gozgamagyna garaşylýar. Şeýle-de Kerriniň Orsýeti gündogar Ukrainadaky orsýetçi separatistlere basyş etmäge çagyrmagyna garaşylýar.

XS
SM
MD
LG