Sepleriň elýeterliligi

Yrak: Mosuly YD-dan boşatmak çäresi başlandy


Taýýarlyk görülýär, Mosul

Taýýarlyk görülýär, Mosul

Yragyň harbylary Mosul şäherini “Yslam döwleti” (YD) toparynyň elinden gaýdyp almak boýunça uly operasiýanyň başlanandygyny aýtdylar.

Goşun generaly brigadir Ýahia Rasool “Al-Farah” gizlin atly operasiýanyň başlanandygyny 24-nji martda habar berdi.

Rasool yrak güýçleriniň Yragyň ululygy boýunça ikinji şäherinden gündogar tarapda ýerleşýän Mahmour şäheriniň etegindäki ençeme obany eýeländiklerini aýtdy.

Şeýle-de Rasool “Yslam döwleti” atly topara garşy söweşýän ABŞ-nyň ýolbaşçylygyndaky koalisiýanyň howadan goldaw berýändigini belledi.

Bagdatdan 360 kilometr uzaklykda ýerleşýän Mosul şäheri 2014-nji ýylyň iýun aýynda “Yslam döwleti” topary tarapyndan basylyp alyndy.

2015-nji ýylyň dekabr aýynda yragyň harbylary günbatar Ramadi şäherini gaýdyp aldylar we ençeme aýyň dowamynda YD toparyna garşy ilkinji uly üstünlik gazandylar.

XS
SM
MD
LG