Sepleriň elýeterliligi

Türkiýe YD goşulmakçy bolan merkezi aziýalylary saklady


Türkiýäniň harbylarynyň we polisiýasynyň tehnikasy, Dairbakir

Türkiýäniň harbylarynyň we polisiýasynyň tehnikasy, Dairbakir

Türkiýäniň polisiýasynyň Siriýada ekstremist “Yslam döwleti” (YD) toparyna goşulmagy planlaşdyrandygy güman edilýän orsýetli we merkezi aziýaly bäş adamy tussag edendigi habar berilýär.

Türkiýäniň mediasy Gaziantep şäheriniň kanun goraýjy resmisine salgylanyp, 23-nji martda agşam tussag edilen adamlaryň Orsýetden, Täjigistandan, Türkmenistandan we Özbegistandandygyny habar berdi.

Maglumatlara görä, şübhelenýänler özleriniň Türkiýäniň Siriýa bilen serhedinden geçip, “Yslam döwleti” toparyna goşulmagy planlaşdyrandyklaryny boýun alypdyr.

Orsýetiň we Merkezi Aziýa döwletleriniň resmileri öz raýatlarynyň ýüzlerçesiniň soňky ýyllarda Siriýada we Yrakda “Yslam döwleti” toparyna goşulandyklaryny aýdýarlar.

XS
SM
MD
LG