Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Brussel hüjümçisiniň Pariždäki hüjüme gatnaşandygy aýdylýar


Najim Laachraoui
Najim Laachraoui

Brusseliň aeroportuna hüjüm eden janyndan geçen iki hüjümçden biriniň noýabr aýynda Parižde amala aşyrylan hüjümlerde ulanylan bombalary döreden bolmagy güman edilýän adamdygyny ýewropaly resmiler 23-nji martda yglan etdiler we hüjümiň “Yslam döwleti” topary bilen bagly şol bir öýjügiň amala aşyran bolmagyny çak etdiler.

Belgiýanyň, Fransiýanyň we Ýewropanyň häkimiýetleriniň Belgiýanyň täzelikler agentliklerine, AFP we “Associated Press” agentliklerine aýtmagyna görä, Najim Laachraouiniň DNK-sy 22-nji martda aeroportda bolan bomba partlamasyny amala aşyran bombaçylaryň biriniň jesedinden alnan nusga gabat gelipdir.

Resmiler bu adamy geçen hepdeden bäri gözländiklerini, onuň Parižde bolan hüjümlere jogapkär bolmakda güman edilýän we 18-nji martda tussag edilen Salah Abdeslamyň ýarany bolandygyny aýtdylar.

XS
SM
MD
LG