Sepleriň elýeterliligi

Gaaga sudy Karadziç boýunça kararyny yglan etdi 


Radowan Karadziç

Radowan Karadziç

BMG-niň ozalky ýugoslaw lideri boýunça Harby tribunaly bosniýaly serb lideri Radowan Karadziçi 1990-njy ýyllaryň Bosniýa urşy mahalynda adamzada garşy jenaýat etmekde günäli tapdy.

Emma muňa garamazdan, başlyklyk ediji sudýa Bosniýanyň serb harbylarynyň ýurduň töweregindäki şäherleri bosniýaly musulmanlardan we etniki horwatlardan arassalamak boýunça alyp baran kampaniýasy genoside barabar däl diýdi.

Karadziç Serebrenisada 1995-nji ýylda öldürilen sekiz müň musulman erkegi we oglany bilen baglylykda ikinji genosid aýyplamasy bilen ýüzbe-ýüz dur.

Karadziç etnigara urşuň dowamynda 100 müň adamyň ölümine sebäp bolan hereketler üçin Gaaganyň tribunalynda soňky 20 ýylyň dowamynda sud edilýän ýokary derejeli resmidir.

11 ýyllap häkimiýeti dolandyrmakdan soň 2008-nji ýylda tussag edilen Karadziçe ýöňkelýän esasy günä onuň 1995-nji ýylda Bosniýanyň Serb respublikasyna baş ýolbaşçy bolan döwründe Srebrenisanyň sekiz müň erkek ýaşaýjysyny gyran serb goşunlaryna gözegçilik etmegine degişli.

Prokurorlar bu gyrgynçylygyň genosid akty bolandygyny aýdýarlar.

XS
SM
MD
LG