Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Iýerusalimiň beýleki bir ýörgünli ady Kudds – Mukaddes. Bu şäher ýer üstündäki taýsyz beýik mukaddeslik hasaplanýar.

Iýerusalimiň derwezeleri

– Iýerusalimiň dokuz derwezesi bar. Şol dokuz derwezeden başlanýan her bir ýol Mukaddeslige alyp barýar. Ol Mukaddeslige barmazdan ozal siz Al-Aksa mesjidiniň depesindäki belentlige serediň. Ol Zeýtun dagy bolmaly. Onuň etegindäky mazarystany – sary daşlary görýänsiňiz – diýip, ýolbelet aýdýar – Şol baýryň ýüzündäki gonamçylykda, her daşyň aşagynda, bir pygamber ýatyr.

Şäheriň içi däl, töwerek-daşy-da Mukaddeslik.

Şäheriň her daban ýeri taryhyň şaýady. Olar gadymdan şu güne çenli bir alamat – nusga bolup saklanypdyr. Olardan iň gadymysy Süleýmanyň patyşalygy döwründe gurlan köşk-saraýdan galan beýik haýat. Oňa Agy diwary diýýärler.

Beýleki bir mukaddeslik Golgofa belentliginde. Isa Mesihiň haça çüýlenen ýeri diýilýän ol belentligi soňky ýyllarda gurlan ybadathanalar örtýär. Al-Aksa mesjidi bolsa altyn gümmezi bilen uzaklardan öwşün atýar. Ol Iýerusalimiň taýsyz aýratynlygy hökmünde, şähere degişli suratlaryň ählisinde diýen ýaly görünýär.

Şäherde dürli dini konfessiýalar garyşyp ýaşaýar. Olaryň hersi öz imanyny aşa berk tutupdyr. Göýä diýersiň, bu şäher dünýäniň iňňän kiçeldilen nusgasy bolup, ençeme dürli milleti, ençeme dini akymy özünde jemläp otyr.

Olary synlanyňda, Magtymgulynyň beýik dag hem onuň üstünde biten üç agaç baradaky pikiri hyýalyňa gelýär. Halklar belent dagyň başynda ösüp oturan aýry-aýry agaçlar. Olaryň düýbi bir bolsa-da, başyny çatyp bolmaýar.

Isanyň şäheri

Şäheriň köp bölegi Isa Mesihiň ömrüniň iň möhüm pursatlary hem hyzmaty bilen baglanyşykly. Ol bu şäheriň golaýynda dünýä inipdi hem bu ýerde haça çüýlendi. Soňra şu ýerden Arşa alyndy diýýärler. Başgarak pikire eýerýänlerem bar, ýöne köpçülik muny şeýle kabul edýär.

Magtymguly hem bu ýere ,,Isanyň şäheri” diýipdi. Sopuçylyk taglymatyna esaslanyp ýazan Hak Tagalany gözleýji hökmünde şeýle diýdi.

Sidre sährasynda, Isa şährinde,

Meniň Sahypjemalymy gördüňmi?

Salamat öýi

Beýik Pygamber hem beýik patyşa Dawut bu ýerden uly şäheriň düýbüni tutmaly diýende, oňa Salamatlyk – rahatlyk öýi diýen örän mähirli hem ýakymly at dakypdyr. Ýöne Iýerusalim Süleýmanyň patyşalygyndan soň rahatlyk görmändir.

Ynsan Oglunyň öňden aýdyşy ýaly, şeýle döwürler bolup, daş üstünde daş galmandyr. Şäheri bölünişige salypdyrlar, ony başga bir şähere öwürmäge-de synanyşyk bolupdyr. Her halda şäher öz mukaddesligini ýitirmändir. Mydama hemmeler üçin Mukaddes şäher bolup galypdyr.

Belki, rahatlyga eýe bolmagyň nähili agyrdygyny ynsanlaryň bilmegi üçin, oňa Iýerusalim diýlendir. Parahatlygyň zerurlygyny ynsana görkezmek üçin, Salamatlyk öýi mydama howp-hatarly aladalar arasynda ýaşaýandyr.

Belki, her niçik dartgynly-da bolsa, Salamatlyk – rahatlyk hemmeleriň; şol sanda dünýäniň parahatlygydyr.

Ol köpleriň oý-pikirinde hem hyýalynda ýaşaýar. Adamlar ol mukaddeslige barýarlar.

Hudaýberdi Hally, ýazyjy.

Bu ýerde aýdylanlar awtoryň pikiri.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG