Sepleriň elýeterliligi

ABŞ, Orsýet Siriýa barada ylalaşdylar


ABŞ-nyň döwlet sekretary Jon Kerri (ç) we Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrow (s), Moskwa, 24-nji mart, 2016

ABŞ-nyň döwlet sekretary Jon Kerri (ç) we Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrow (s), Moskwa, 24-nji mart, 2016

Döwlet sekretary Jon Kerri ABŞ-nyň we Orsýetiň Siriýada bäş ýyl bäri dowam edýän urşuň soňuna çykmak boýunça gepleşiklere itergi bermek barada ylalaşandyklaryny aýtdy.

Kerri 24-nji martda Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin duşuşygyndan soň daşary işler ministri Sergeý Lawrow bilen geçirilen bilelikdäki metbugat-konferensiýasynda çykyş etdi.

Kerriniň aýtmagyna görä, Siriýada ok atyşygy bes etmek barada geçen aýda gelnen çäkli ylalaşykda araçylyk eden ABŞ we Orsýet Moskwanyň ýarany bolan Siriýanyň prezidenti Başar al-Assad “oňyn hereket etmeli” we parahatçylyk ugrundaky gepleşiklere gatnaşmaly diýip ylalaşypdyrlar. Assadyň ykbalyna degişli mesele parahatçylyk ugrundaky gepleşiklerde päsgelçilik döredýär.

Şeýle-de Kerri Waşingtonyň we Moskwanyň Siriýanyň täze konstitusiýasynyň taslama görnüşiniň awgusta çenli düzülmegi barada ylalaşandygyny aýtdy.

24-nji martda Ženewada Siriýanyň hökümetiniň we oppozisiýasynyň arasynda göni bolmadyk gepleşikleriň tapgyry tamamlandy. BMG-niň wekili Staffan de Mistura iki tarapyň arasynda köp umumylygyň tapylandygyny aýtdy.

XS
SM
MD
LG