Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýet öz serhediniň çäginde ýaragyny täzeleýär


Orsýetiň "Triumph s-400" howadan goranyş sistemasy
Orsýetiň "Triumph s-400" howadan goranyş sistemasy

Orsýet raketadan goranyş sistemasyny Uzak Gündogarda Moskwanyň we Tokionyň arasynda territorial taýdan dawaly Kuril adalarynda ýerleşdirjekdigini aýtdy.

“Şu ýyl ol ýere “Bal” we “Bastion” kenarýaka raketa sistemalary, şeýle-de “Eleron-3” sürüjisiz howa ulaglarynyň täze nesli gowşar”, diýip goranmak ministri Sergeý Şoýgu 25-nji martda aýtdy.

Şoýgu täze ýaraglaryň Kuril adalarynda ýerleşýän harby birlikleri gaýtadan ýaraglandyrmak boýunça çäreleriň bir bölegi bolup durýandygyny belledi.

Şeýle-de Şoýgu Günbatar harby okrugynda hem täze harby birlikleriň dörediljekdigini mälim etdi we NATO-nyň Orsýetiň serhetlerine ýakynlaşmagynyň jogap talap edýändigini belledi.

Onuň aýtmagyna görä, Orsýetiň günbataryndaky harby güýçler 1100 täze ýarag sistemasyna, şol sanda howa uçarlaryna we dikuçarlaryna, tanklara eýe bolar.

XS
SM
MD
LG