Sepleriň elýeterliligi

Şwesiýa: Eýranyň Ruşdi baradaky fatwasy ýazgaryldy


Salman Ruşdini jezalandyrmak baradaky fatwa barada bildiriş, Tähranyň uniwersiteti

Salman Ruşdini jezalandyrmak baradaky fatwa barada bildiriş, Tähranyň uniwersiteti

Edebiýat boýunça Nobel baýragyny gowşurýan Şwesiýanyň akademiýasy 27 ýyllap dymmakdan soň Eýranyň britaniýaly ýazyjy Salman Ruşdi babatyndaky fatwasyny, ýagny dini gadagançylygyny ýazgardy.

24-nji martda Swesiýanyň akademiýasy öz websaýtynda ilkinji gezek Rüşdi babatyndaky fatwany we onuň ölümi üçin wada berilen pul baýragyny “halkara kanunlarynyň gödek depelenmegi” diýip atlandyrdy.

Maglumatda fatwanyň Eýranyň Günbatar bilen geçen ýylda baglaşan ýadro ylalaşygynyň esasynda gatnaşyklaryň “kadalaşmagyna hiç bir taýdan gabat gelmeýändigi” bellendi.

Akademiýanyň ýolbaşçysy Tomas Riad Eýranyň ýadro ylalaşygy we Eýranyň 40 çemesi döwlet habar serişdesinde Ruşdiniň ölümi üçin wada berilen pul baýragynyň ýakynda 600 müň dollara çenli artdyrylmagy bilen baglylykda meselä gaýtadan seredilendigini belledi.

Eýranyň öňki ruhany lideri Aýatolla Ruhollah Homeini Salman Ruşdiniň “Şeýtan aýatlary” atly kitaby üçin 1989-njy ýylda ony dine şek ýetirmekde aýyplap, ölüme höküm edipdi. Bu ýagdaý Ruşdini gizlenmäge mejbur edipdi.

XS
SM
MD
LG