Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýranyň prezidenti Pakistana sapar edýär


Prezident Hassan Rohani
Prezident Hassan Rohani

Eýranyň prezidenti Hassan Rohani 25-nji martda Yslamabada, Pakistan bilen söwda gatnaşyklaryny ýaýbaňlandyrmak üçin sapara bardy.

Prezidentiň ýanynda Ministrler kabinetiniň sekiz ministri, şol sanda nebite, elektrige we senagata jogap berýän ýolbaşçylar hem bar.

Pakistana edilýän iki günlük sapar Eýranyň döwlet baştutanynyň goňşy ýurda 14 ýyl içinde edýän ilkinji saparydyr.

Pakistanyň Daşary işler ministrligi energiýa açlygyny çekýän Pakistany Eýranyň gazy bilen üpjün etmeli, emma uzak gijigen geçiriji baradaky gürrüňiň gepleşiklerde esasy mesele boljagyny aýtdy.

Rohaniniň sapary, Tähranyň ýadro programmasy sebäpli, Eýrana garşy girizilen halkara ykdysady sanksiýalar ýanwar aýynda ýatyrylanyndan soň bolup geçýär.

Sanksiýalar bilen bagly çäklendirmeler geçirijiniň Pakistan tarapyndaky 800 kilometrine zerur bolan maliýe goldawynyň tapylmagyny kynlaşdyrdy.

Şeýle-de, Tähranyň ýadro ambisiýalary bilen bagly aladalar sebäpli, Waşington bu proekte ýyllap garşy durdy.

Eýranyň Yslamabatdaky ilçisi Seýed Abbas Badrifar iki tarapyň bäş ýyllyk strategik söwda planyna gol çekmekçidigini, bu ylalaşygyň Karaçi we Çabahar portlarynyň arasyndaky et hem mal söwdasynyň derejesini üzül-kesil ýokarlandyrjakdygyny aýdýar.

Pakistan Eýrandan alýan elektriginiň hem möçberini artdyrmak, ýagny häzirki alýan 75 megewat çemesi toguny 3 müň megawata ýetirmek isleýär diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

Metbugatda getirilýän sitatalardan çen tutulsa, Eýran resmileri bu saparyň dowamynda Tähranyň regional basdaşy - Saud Arabystany bilen aradaky dartgynlyklar, Pakistanyň bu ikarada araçy bolmak ähtimallygy barada hem maslahat ederler.

Eýranyň prezidenti 26-njy martda prezident Mamnoon Hussain we premýer-ministr Nawaz Şarif bilen duşuşar. Şeýle-de Rohani Pakistanyň alymlarynyň we intellektuallarynyň öňünde çykyş eder.

Rohani bu saparyň öňüsyrasynda «goňşular we yslam dünýäsi bilen konstruktiw, ýagny gurujy gatnaşyklar biziň daşary syýasatymyzyň ileri tutulýan meseleleriniň sanawynda dur» diýdi.

Pakistan adatça Birleşen Ştatlar we sünniler tarapyndan dolandyrylýan Saud Arabystany, şaýylaryň ýolbaşçylygyndaky Eýranyň baş basdaşy bilen ýakyn gatnaşyk saklaýar.

Şol bir wagtda, Pakistan bilen Eýranyň arasy köplenç gowy däl.
1980-nji ýyllarda Yslamabat we Tähran Owganystanda sowet goşunlaryna garşy göreşýän dürli-dürli toparlary goldady.

Eýrany hasaba almasaň, iň kän şaýy ilatly Pakistan Owganystanda biraz soň berk liniýaly sünni "Talyban» hereketini goldady.

Tähran eýran topraklarynda gurnalan ganly hüjümlerde Pakistandaky «Al-Kaýda» iltewli jeňçileri günäledi.

Emma geçen ýyl Yslamabadyň Ýemende saudlylaryň ýolbaşçylygynda şaýy hüti pitneçilerine garşy hüjüme goşulmakdan ýüz öwürmegi Eýran bilen aradaky gatnaşyklary deňagramlaşdyrmaga kömek etdi.

Pakistan resmileri ýanwarda Eýran bilen Saud Arabystanynyň arasynda ýitileşen dartgynlyklary gowşatmakda araçylyk diplomatiýasyny ulandylar.

Pakistan şu ýyl Saud Arabystanynyň ýolbaşçylygynda musulman dünýäsinde terrorizme garşy göreş boýunça halkara harby koalisiýa goşulmaga razy boldy, emma bu ýaranlyga esger goşmady. Eýran we onuň regional ýarany Siriýa bu inisiatiwa goşulmaýar.

Iňlisçeden türkmençä geçiren Ýowşan Annagurban.

XS
SM
MD
LG