Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Şwesiýa: şerigat kanuny boýunça Ruşdä çykarylan höküm ýazgaryldy


Salman Ruşdy
Salman Ruşdy

Eýranyň britaniýaly ýazyjy Salman Ruşdy baradaky pitiwasy hakda pikir aýtmakdan saklanyp gelen Edebiýat boýunça Nobel baýragyny berýän Şwed Akademiýasy şerigat kanuny boýunça çykarylan bu ölüm hökümini 27 ýyldan soň ýazgardy.

Şwed Akademiýasy 24-nji martda öz websaýtynda ýerleşdiren beýennamasynda Eýranyň pitiwasyny we Ruşdyny öldüren üçin göz öňünde tutulan pul sylagyny "halkara hukugynyň elhenç bozulmagy" diýip, ilkinji gezek berk tankytlady.

Beýannamada şeýle-de pitiwa öten ýyl Eýran bilen dünýäniň güýçli döwletleriniň arasynda gelnen ýadro ylalaşygyna laýyklykda Günbatar bilen gatnaşyklaryň "kadalaşmagyna hiç bir halatda gabat gelenok" diýilýär.

Akademiýanyň başlygy Tomas Riadyň aýtmagyna görä, Akedemiýa ýadro ylalaşygy we Eýranda döwlet tarapyndan dolandyrylýan 40 sany köpçülikleýin habar serişdeleriniň Ruşdynyň öldürilmegi üçin bellenen pula golaýda 600 müň dollar goşandygy sebäpli Ruşdy meselesini täzeden gözden geçiripdir.

Tomas Riad "Edebiýatyň syýasy konrollykdan garaşsyz ýörelgesi siwilizasiýa üçin düýpli ähmiýete eýedir. Ol ar alyjylaryň, senzuranyň tarapyny çalýanlaryň hüjümlerinden goralmalydyr" diýip nygtady.

Riad soňra hem: "Bir edebi eser üçin jeza hökmünde ölüm kararynyň çykarylmagynyň özi söz erkinliginiň çynlakaý bozulmagydyr" diýip, sözüniň üstüne goşdy.

1989-njy ýylda pitiwa çykarylanda Akademiýa Ruşdyny goramalymy ýa bitaraplygy saklamalymy diýen soragada gutarnykly karara gelip bilmän, belli bir pozisiýany eýelemekden saklandy. Şonda bu tutuma protest bildirip, onuň iki agzasy öz weziperlerinden çekildiler.

Ruşdynyň garşysyna Eýranyň öňki ruhany lideri Aýatolla Ruhullah Homeýniniň şerigat kanunynyň esasynda ölüm hökümini çykarmagyna sebäp bolan ýazyjynyň "Şeýtany setirler" atly romany. Muhammet pygamber baradaky bu romana Homeýni dine dil ýetirmek diýip baha berdi.

Ruşdy 2012-nji ýylda öz ýatlamalarynda bu pitiwany "garaňky sazyň ilkinji notasy" diýip atlandyrdy.

Hidistanda dini dessurlary berk ýerine ýetirmeýän bir musulman maşgalada dünýä inen ateist Ruşdy Homeýniniň çykaran ölüm kararyndan soňra, janyndan gorkup, häzirki wagta çenli-de gizlenip gezýär.

Ruşdynyň eserini terjime we neşir edenleriň janyna kast edilensoň, britan hökümeti Ruşdyny polisiýanyň goragy astyna aldy.

XS
SM
MD
LG