Sepleriň elýeterliligi

Saglyk resmilerine berlen 'syrly' käýinç


Köçe süpürýän saglyk işgärleri

Köçe süpürýän saglyk işgärleri

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow anna güni geçiren hökümet maslahatynda ýurduň saglygy saklaýyş pudagynyň işindäki düýpli kemçiliklerden nägilelik bildirdi.

Türkmen telewideniýesi prezidentiň saglygy goraýyş we derman senagaty ministri Nurmuhammet Amannepesowa berk käýinç berendigini habar berýär.

Şeýle-de prezident ýurduň saglyk ministriniň orunbasary, Döwlet arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreş gullugynyň başlygy Leýli Şamyradowa berk käýinç berip, ýol beren kemçiliklerini gysga wagt içinde düzetmese, ony eýeleýän wezipesinden boşatjakdygyny duýdurdy.

Resmi habara görä, döwlet baştutany saglyk pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak babatda edilýän işleri artdyrmagyň zerurdygyny, «saglygy goraýyş edaralarynyň işiniň bildirilýän talaplara laýyk gelmeýändigini» tassyk edipdir.

Şol bir wagtda Ministrler kabinetiniň mejlisine çagyrylan saglyk ministri Amannepesowyň berendigi aýdylýan hasabatynyň mazmuny, ýurduň saglygy saklaýyş pudagynda soňky ýyllarda edilen we indi edilmeli işler, çözülmeli meseleler we kynçylyklar barada anyk zat aýdylmaýar.

Prezidentiň saglyk ministrine yglan eden käýinji bolsa, adatça bolşy ýaly, «wezipe-borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmändigi», «garamagyndaky edaralaryň işine gözegçiligi gowşadandygy» bilen düşündirilýär.

Türkmenabat, bikanun derman bazary

Türkmenabat, bikanun derman bazary

Hökümet maslahatynda ýurduň saglyk ministrliginiň ikinji uly resmisine, Döwlet arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreş gullugynyň başlygy Leýli Şamyradowa berlen käýinç hem «wezipe-borçlaryň göwnejaý berjaý edilmezligi, işde goýberilen kemçilikler» bilen delillendirilýär.

Prezident Berdimuhamedow ministriň orunbasarynyň hasabatyny diňläp, onuň ýolbaşçylyk edýän Döwlet arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreş gullugynda düýpli kemçilikleriň bardygyny aýdypdyr. Şol bir wagtda Şamyradowanyň diňlendi diýilýän hasabatynyň mazmuny, arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreş boýunça nähili kemçilikleriň goýberilendigi anyk aýdylmaýar.

Saglyk ministrliginiň iki uly resmisiniň Ministrler kabinetine çagyrylmagy we hasabat bermegi, olara berlen berk käýinçler baradaky habar «döwlet baştutany ministriň orunbasaryna birnäçe anyk tabşyryk berdi» diýen sözler bilen jemlenilýär we ol tabşyryklaryň nämedigi, Döwlet arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreş gullugynda iş ýüzünde nähili kemçilikleriň düzedilmelidigi belli bolman galýar.

Türkmen metbugaty adatça soňky ýyllar saglyk pudagynda uly işleriň edilendigini, döwrebap saglyk desgalarynyň gurlup, iň täze tehniki enjamlar bilen abzallaşdyrylan saglyk öýleriniň ulanylmaga berilýändigini yzygiderli habar berýär.

Şol bir wagtda ozalky saglyk ministri Berdimuhamedowyň on ýyla golaý ýolbaşçylyk edýän ýurdunda saglygy saklaýyş hyzmatynyň hiliniň peselýändigi, raýatlaryň dertlerine em gözläp, daşary ýurtlara köp gidýändigi, sowet döwründe tasdan unudylan tebiplerden, köne gonamçylyklardan keseline em agtarýanlaryň köpelýändigi barada habarlar gowuşýar.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG