Sepleriň elýeterliligi

Türkmenistan ýüň satmagy karar etdi


Türkmenistan ýurtdaky mal ýüňüni we ýüňden öndürilýän önümleri, şol sanda elde dokalýan haly we haly önümlerini daşary ýurtlarda ýerlemäge ygtyýar berdi.

Türkmen metbugaty prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň anna güni bu barada degişli karara gol çekendigini habar berýär.

Resmi habarda aýdylmagyna görä, bu karar ýerli önüm öndürijileri goldamak maksady bilen kabul edilipdir.

Dokumentde Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşiginiň agzalary bolan edara görnüşli taraplara we hususy telekeçilere Türkmenistanda öndürilýän ýüňi, saryja goýnuň ýazlyk ýüňünden başga, daşary ýurtlara ýerlemäge ygtyýar berilýändigi aýdylýar.

XS
SM
MD
LG