Siriýanyň döwlet mediasy we aktiwistler ýurduň hökümet goşunlarynyň 26-njy martda, «Yslam döwleti» ekstremist toparyndan golaýdaky etraby yzyna alyp, taryhy Palmira şäheriniň demirgazygyna öz kontrolyny güýçlendirendigini aýdýar.
Döwlet telewideniýesi goşunyň, rus howa zarbalarynyň goldawynda, Palmiranyň çetindäki Al-Amiriýa etrabyny ele geçirendigini aýdýar.
Telewideniýe 26-njy martda orta asyr galasynyň diwarlarynyň gapdalynda Siriýanyň milli baýdagyny galgadyp duran esgeri görkezdi.
Rim imperiýasy zamanasyndan galan harabalyk bolan Palmira 2015-nji ýylyň maýynda ekstremist toparyň eline geçipdi.
Siriýanyň Adam hukuklary obserwatoriýasy öten agşam Palmiranyň içinde söweş bolandygyny habar berdi we YD jeňçileriniň azyndan 10 esgeri öldürendigini aýtdy.