Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Obama: YD-a garşy söweşe gaýtadan serediler


 Prezident Barak Obama
Prezident Barak Obama

Prezident Barak Obama Birleşen Ştatlaryň we onuň ýaranlarynyň gelýän hepde Waşingtonda, dünýä liderleriniň sammitinde «Yslam döwleti» jeňçi toparyna garşy halkara söweş tagallalaryny gaýtadan gözden geçirjekdigini aýtdy.

Prezident Obama özüniň hepdelik radio we internet ýüzlenmesinde Brýussel hüjümleriniň jogapkärçiligini öz üstüne alan YD-a garşy kampaniýany dowam etdirmegi wada berdi.

Obama 22-nji martdaky partlamalarda wepat bolan iki amerikala we beýlekilere gynanjyny bildirdi.

Şeýle-de ol belgiýalylara amerikianlaryň terrora garşy göreşde olaryň arkasynda durandygyny aýtdy.

XS
SM
MD
LG