Sepleriň elýeterliligi

Brýussel hüjümleri sebäpli üç adama günä bildirildi


Brýussel aeroportyndan ewakuasiýa edilen ýolagçylar, 22-nji mart, 2016.

Brýussel aeroportyndan ewakuasiýa edilen ýolagçylar, 22-nji mart, 2016.

Belgiýanyň prokurorlary 26-njy martda Brýussel hüjümleri bilen bagly tussag edilen üç adama terrorçylyk aýyplamalary esasynda günä bildirilendigini yglan etdiler.

22-nji martda amala aşyrylan hüjümlerde 31 adam öldürildi, 300 adam bolsa ýaralandy. Media habarlarynda aýdylmagyna görä, günä bildirilen üç adamyň birini prokurorlar diňe Faycal C. diýip atlandyrdylar.

Belki-de bu adam onuň hemşerileri hasaplanylýan beýleki iki adam janyndan geçip, ol ýerde terror hüjümini amala aşyranda, Brýussel aeroportyndan gaçandyr. Olar onuň öýüniň polisiýa tarapyndan dökülendigini, emma ol ýerden ne ýaragyň, ne-de partlaýjynyň tapylandygyny aýtdylar.

Brýussel polisiýasy 25-nji martda partlamalar bilen bagly üç adamy tussag etdi. Olaryň Parižde 24-nji martda geçirilmekçi bolnan, emma polisiýa tarapyndan öňüniň alnandygy aýdylýan terror hüjümleri bilen hem ilteşikli bolmagy güman edilýär.

Belgiýanyň döwlet telewideniýesi tussag edilenleriň biriniň partlaýjyly sumkany göteren adam bolandygyny aýtdy. 26-njy martda Belgiýa tarapyndan gözlenilýän bir alžirli erkek Italiýada tussag edildi.

Italiýan mediasy bu erkegiň Pariž we Brýussel hüjümleriniň arkasynda duranlar tarapyndan ulanylan galp şahsy dokumentleriň derňewi bilen bagly tutulandygyny aýdýar.

XS
SM
MD
LG