Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Siriýa güýçleri Palmira hüjüminde ilerleýär


Palmiranyň günbatar gyrasy.
Palmiranyň günbatar gyrasy.

Siriýanyň düýbi Britaniýada ýerleşýän Adam hukuklary obserwatoriýasy Siriýanyň goşunlarynyň, rus howa zarbalarynyň goldawynda, taryhy Palmira harabalygynyň töweregindäki häzirki zaman şäheriniň üç etrabynda pozisiýa eýeländigini habar berýär.

Orsýetiň Goranmak ministrligi rus uçarlarynyň Palmiranyň golaýynda soňky iki günde, hökümet goşunlarynyň hüjümini goldamak üçin, 40 gezek asmana göterilendiklerini we 100-den gowrak jeňçini öldürendiklerini aýtdy.

Bu beýanat Siriýanyň hökümetiniň ÝUNESKO-nyň miras sanawyna giren ýeri «Yslam döwleti» toparyndan yzyna almak ugrunda edýän tagallalary dördünji hepdesine girende edildi.

Şu hepde bolan söweşlerde azyndan 56 sany hökümet esgeriniň öldürilendigi aýdyldy. Rim imperiýasy zamanyndan galan harabalary bilen dünýä meşhur bolan Palmira maý aýynda YD-nyň eline geçipdi. YD soň gadymy şäheriň iň tanymal monumentlerini, butparazlygy wagyz edýär diýip, ýumurdy.

Eger Siriýanyň hökümet güýçleri Palmirany yzyna almagy başarsa, olar YD-nyň garamagyndaky iki uly şähere, Deir Ezzora we Rakka tarap ilerlemek pozisiýasyny eýe bolar.

XS
SM
MD
LG