Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Owganystanyň baş saýlaw resmisi işden çekildi


Ahmad Ýusuf Nuristani
Ahmad Ýusuf Nuristani

Owganystanyň baş saýlaw resmisi işden çekildi we bu ýagdaýyň şu ýylyň aýagynda parlament saýlawlaryny geçirmek tagallalaryny çylşyrymlaşdyrmagy mümkin.

Garaşsyz saýlaw komissiýasynyň başlygy Ahmad Ýusuf Nuristani 26-njy martda işden çekildi.

Garaşsyz saýlaw komissiýasynyň sözçüsi onuň «milli bähbit» üçin işden çekilendigini aýtdy. Prezident Aşraf Gani onuň işden çekilmek baradaky arzasyny kabul etdi.

Nuristani hökümeti gaýta-gaýta saýlaw prosesiniň işine gatyşmakda günäläpdi. Ol 2014-nji ýyldaky prezident saýlawlarynyň esasy guramaçysy bolupdy. Bu saýlawlar netijesinde ýurtda ilkinji gezek demokratik esasda häkimiýet çalyşdy. Ýogsa, Gani bilen onuň basdaşy Abdylla Abdylla, prezidentlige kandidatlaryň ikisi-de saýlawda ýeňiş gazanandygyny aýdyp, ýurt baş-başdaklygyň tasdan gyrasyna gelipdi.

Abdyllanyň tarapdarlary köpden bäri Nuristanini çetleşdirmek isleýärdiler. Onsoň onuň işden çekilmegi şolar bilen eglişik ýaly görülýär. Ýurduň öňdäki parlament saýlawlary 15-nji oktýabra bellenen.

XS
SM
MD
LG