Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýran, Pakistan söwda gatnaşygyny ösdürýär


Nawaz Şarif Eýranyň prezidenti Hassan Rohani bilen görüşýär.
Nawaz Şarif Eýranyň prezidenti Hassan Rohani bilen görüşýär.

Pakistanyň we Eýranyň ýolbaşçylary özleriniň 2021-nji ýyla çenli özara söwda dolanyşygyny 5 milliard dollara ýetirmegi maksat edinýändiklerini aýtdylar.

Eýranyň prezidenti Hassan Rohani bilen Pakistanyň premýer-ministri Nawaz Şarif iki ýurduň özara söwda maksadyny 26-njy martda, Rohaniniň Yslamabada iki günlük saparyny jemleýän wagtynda yglan etdi.

Eýranyň prezidenti žurnalistlere iki ýurduň Pakistanyň Gwadar porty bilen Eýranyň Çahbahar portunyň arasyny demirýol we awtoulag gatnawy, ýük liniýalary bilen baglanyşdyrmak isleýändigini aýtdy.

Pakistan bilen Eýran, söwdany ösdürmek üçin, goşmaça ýene iki sany serhet geçelgesini açmak barada ylalaşyk baglaşdy.

XS
SM
MD
LG