Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kreml: ukrain piloty türme möhletini oturar


Dmitriý Peskow
Dmitriý Peskow

Kreml, Kiýewiň tussag çalyşmak tagallalaryna garamazdan, ukrain piloty Nadia Sawçenko rus sudy tarapyndan berlen 22 ýyl tussaglygyny türmede geçirmeli bolar diýýär.

Kremliň sözçüsi Dmitriý Peskow: "Sawçenko bilen bagly ýagdaý ýönekeý hem düşnükli, Sawçenko günäli tapyldy... Ol öz türme möhletini oturmaly bolar» diýdi.

Peskow 26-njy martda telewideniýede berlen söhbetdeşlikde Sawçenkonyň boşadylmagy ýa tussag bilen alyşylmagy barada hiç hili kararyň kabul edilmändigini aýtdy.

Ukrain prezidenti Petro Poroşenko Kiýew onuň iki sany rus tussagy bilen çalşylmagyna taýýar diýdi. Emma Peskow rus prezidenti Wladimir Putin tarapyndan «şu wagta çenli munuň ýaly bir karar kabul edilenok» diýdi.

Peskow ABŞ-nyň döwlet sekretary Jon Kerriniň we Germaniýanyň daşary işler ministri Frank-Walter Steinmeiýeriň golaýda Moskwa eden saparlarynda Sawçenko meselesiniň gozgalandygyny tassyk etdi.

Emma muňa garamazdan, ol «Kerri Putine Sawçenko meselesi boýunça basyş etmäge gelmedi» diýdi.

Sawçenko 22-nji martda, gündogar Ukrainada 2014-nji ýylda öldürilen iki sany rus žurnalistiniň ölümi bilen baglylykda, türme tussaglygyna höküm edildi. Ol özüne bildirilen aýyplary ret edýär.

XS
SM
MD
LG