Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Assadyň goşunlary Palmirany yzyna aldy


Başar al-Assad
Başar al-Assad

Siriýanyň hökümet güýçleri, rus güýçleriniň goldawynda, Siriýanyň taryhy şäheri bolan Palmirany «Yslam döwleti» jeňçi toparyndan yzyna aldy diýip, döwlet mediasy we gözegçilik topary aýdýar.

Siriýanyň telewideniýesi 27-nji martda goşunuň we onuň milisiýa ýaranlarynyň Palmira şäherini kontrol astyna alandyklaryny we ony jeňçi topar tarapyndan goýlan minalardan we bombalardan arassalaýandygyny aýtdy.

Siriýanyň Britaniýada ýerleşýän adam hukuklary obserwatoriýasy şäheriň gündogar böleginden 27-nji mart güni irden hem atyşyk sesleriniň eşidilendigini, emma YD söweşijileriniň aglabasynyň ol ýerden çykyp, gündogara çekilendigini aýtdy.

Bu şäheri yzyna almak prezident Başar al-Assadyň hökümeti üçin uly simwolik we strategik ýeňiş bolup durýar.

XS
SM
MD
LG