Sepleriň elýeterliligi

Rim papasy gorkmazlyga çagyrýar


 Pop Fransis

Pop Fransis

Rim papasy Fransis hristianlary gorkynyň we göwniçökgünligiň özlerini türmä gabamagyna ýol bermezlige çagyrdy.

Pop 26-njy martda, Watikanda çykyp gürläp, «geliň tümlügiň we gorkynyň öz ýüreklerimizi dowla salyp, kontrol astyna almagyna ýol bermäliň» diýdi.

«Bu gün biz öz umydymyzyň baýramyny edýäris. Şu günki gün bu şeýle zerur» diýip, ol 26-njy mart agşamynda guralan dini dabaradan soň aýtdy.

Ol şondan bir gün öň Brýusselde 22-nji martda amala aşyrylan terror hüjümlerini ýazgarypdy.

Rim papasy Fransis 27-nji mart güni irden pasha dabaralaryna gatnaşyp, ýyllyk pasha alkyşyny etdi.

XS
SM
MD
LG