Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Näme sebäpden eneler çagalaryny taşlaýarlar?


Bäbek. Illýustrasiýa
Bäbek. Illýustrasiýa

Bişkegiň eteginde täze doglan gyz bäbegiň jesedi tapyldy. Ondan ozal hem 10-njy martda Kok-Žar obasynda ölen çaganyň jesedi tapylypdy.

Gyzjagazyň jesedi pakediň içinde, zibilhanada tapylypdyr we polisiýa habar berlipdir. Ikinji jeset bolsa Aly Tokombaýew köçesi bilen Almaty köçeleriniň kesişýän ýerinde ýerleşýän kärhananyň işgärleriniň gözüne ilipdir. Ol jesetleriň hiç haýsysynda belgi goýulmandyr, soňra olar suduň medisina barlagynyň morguna iberlipdir.

Bişkek polisiýa bölüminiň wekili Olžabaý Kazabaýew barlaglaryň dowam edýändigini habar berdi. Onuň sözlerine görä “Toplanan materiallar hasaba alyndy. Medisina barlagy tamamlanandan soňra hem derňewler dowam eder.”

Olžabaý Kazabaýew ölen çagalaryň eneleriniň tussag edilip, Jenaýat Kodeksiniň “Çagany taşlamak” we “Howply ýagdaýa sebäp bolmak” maddalary boýunça jogapkärçilige çekiljekdiklerini aýtdy.

Boş ýerlere taşlanyp gidilen çagalaryň enelerini tapmak diýseň kyn. Ol ýerden soňra näçe sany maşyn ötüp-geçendir! Derňew-agtaryş işgärleri olary kimdir biriniň görüp-görmändigi hakynda sorag-ideg geçirýärler.

Hünärmenleriň aýtmagyna görä, çagalaryny taşlaýanlaryň ýa-da olary çagalar öýüne we internatlara tabşyrýanlaryň sany diýseň kän. Adam hukuklaryny goraýjy aktiwist Näzgül Turdubekowa hossarlaryň bu edim-gylymlarynyň sebäplerini şeýle düşündirdi: ”Ilki bilen adamlar çagalygyndan bäri dürli gynamalara sezewar bolýar. Ikinji sebäp, aýal-gyzlar öz hossarlaryndan gaty gorkýarlar. Öz çagasyny abort etdirýän, hajathana taşlaýan ýa-da olary satýan aýallar köp duş gelýär.”

UNICEF-iň berýän maglumatyna görä, Gyrgyzystandaky ýetimler öýlerinde 20 müň töweregi çaga bar.

”Enäni we çagany goramak merkeziniň” lukmany Anara Ordokowa dürli zorluklara uçraýanlaryň köpüsiniň ýetginjek ýaşyndaky gyzlardgyny aýdýar. Onuň aýtmagyna görä, Gyrgyzystandaky her 1000 enäniň 40-sy kämillik ýaşyna ýetmedik gyzlardyr: ”Gynansak-da, göwreli gyzlaryň 50 göterimi zorluklara sezewar bolýarlar. Kämillik ýaşyna ýetmänkä göwreli bolanlaryň köpüsi soňra çagasyny aýyrdýarlar. Galanlary-da, abort etdirmäge pullary bolmansoň, dogurmaly bolýarlar. Gizlin ýerlerde dogrup, çagalaryny zyňyp gidýärler.

Sosiolog Topçugul Şaýdullaýewa günäniň diňe ene-de däl-de, elbetde, bigünä bäbekleriň atalarynda hem bardygyny aýdýar.

Enelik duýgusy gaty güýçli zat. Şol duygulardan geçip, olary öz çagalaryndan ýüz öwürmäge eltýän sebäpler gaty güýçli bolmaly. Elbetde, bu işde erkekleriň jogapkärçiligi-de aýal-gyzlaryňkydan köp bolmasa, az däl.

Bu ýylyň ýanwar aýynda hem Toktagül etrabynda bir hajathanadan bir ýaňy dogan çaga tapyldy, ýöne ol bagtyna diri galypdyr. Ene tapylyp, jogapkärçilige çekildi. Onuň bilen söhbetdeşlik geçirilende, onuň elinde başga-da bir ýaş çaga bar eken, äri hem onuň bilen aýrylşypdyr.

3 ýyl mundan ozal Bişkekdäki lukmanlar hajathana zyňlyp, üsti gum bilen örtülen täze dogan bäbegi ölümden halas etdiler.

XS
SM
MD
LG