Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kabul: Parlament binasy oka tutuldy


Owganystanyň parlamentiniň maslahaty
Owganystanyň parlamentiniň maslahaty

Owgan resmileri 28-nji martda “Talybanyň” söweşijileriniň ýurduň ýokary wezipeli aňtaw resmileriniň we ministrleriniň duşuşan wagtynda Owganystanyň parlamentiniň binasyny raketa okuna tutandygyny aýdýarlar.

“Talybanyň” öz üstüne alnan bu hüjümiň ýetiren zyýany barada habar berilmedi.

“Parlamentiň binasyna üç raketa atyldy, emma olaryň esasy bina degmedi” diýip Badahşan welaýatyndan kanun çykaryjy Safiullah Muslim aýtdy we hüjümiň maslahatyň geçýän wagtynda edilendigini belledi.

Kabulyň hökümet we diplomatik giňişlikleri wagtal-wagtal raketadan oka tutulýar.

Owganystanyň paýtagty birnäçe aý bäri uly hüjümlerden rahat boldy.

XS
SM
MD
LG