Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Pakistanyň resmileri hüjümçileri tapmagy wada berdi


Partlamada ýaralanan çaga, Lahor, 28-nji mart, 2016
Partlamada ýaralanan çaga, Lahor, 28-nji mart, 2016

Pakistanyň häkimiýetleri ýekşenbe güni Lahor şäherinde 70-den gowrak adamyň ölümine we 300-den gowrak adamyň ýaralanmagyna sebäp bolan bombaly hüjümlere jogapkärleri gözläp tapmagy wada berdiler.

“Bigünä inilerimiziň, uýalarymyzyň we çagalarymyzyň ganhorlaryny adalata çekmeli we bu rehimsiz wagşylaryň durmuşymyzy agdarmagyna hiç wagtda ýol bermeli däl” diýip, harbylaryň metbugat-wekili Asim Bajwa Twitter ulgamynda çap eden maglumatynda aýtdy.

27-nji martda Esater hristian baýramçylygy bellenýän wagtynda şäheriň seýil bagynda çagalaryň oýnaýan ýeriniň golaýynda amala aşyrylan partlamanyň jogapkärçiligini “Talybandan” bölünen topar öz üstüne aldy.

“Jamaat-ul-Ahrar” hristianlara zarba urandygyny aýdyp, mekdeplere we hökümete we harbylara degişli beýleki binalara has köp hüjüm etmegi wada berdi.

Topar bu hüjümiň Punjab welaýatyny we onuň paýtagty Lahory syýasy galasy hasaplaýan premýer-ministr Nawaz Şarife “duýduryş” bolandygyny aýtdy.

Polisiýa hüjüm zerarly wepat bolanlaryň sanynyň 28-nji martda 72 adama ýetendigini, ölenleriň arasynda 29 çaganyň bardygyny aýtdy.

Polisiýanyň ýolbaşçysy Haider Aşraf wepat bolanlaryň aglabasynyň musulmanlardygyny aýtdy. Regional hökümet üç günlük matam yglan etdi.

XS
SM
MD
LG