Sepleriň elýeterliligi

Belgiýa: Hüjümlere gatnaşykly dört adam tussag edildi


Belgiýanyň polisiýasy terrorçy bolmakda güman edilýänlere garşy çärede, Brussel, 25-nji mart, 2016.

Belgiýanyň polisiýasy terrorçy bolmakda güman edilýänlere garşy çärede, Brussel, 25-nji mart, 2016.

Belgiýanyň prokurorlary polisiýanyň 27-nji martda geçiren birnäçe reýdiniň netijesinde dört adamy tussag edendigini aýtdylar. Bu reýdler Brusselde 31 adamyň ölümine we 270 adamyň ýaralanmagyna sebäp bolan terrorçylykly hüjümleriň yzýany geçirildi.

Belgiýanyň federal prokuraturasynyň beýannamasyna görä, polisiýa “terrorizm işi bilen baglylykda” Brusselde, Duffel we Mehelen şäherlerinde 13 täze reýd geçiripdir.

Jemi dokuz adamyň sorag edilendigi, olardan bäş adamyň soňra goýberilendigi habar berildi.

Mundan bir gün ozal Belgiýanyň prokurorlary 22-nji martda bolan hüjümler bilen baglylykda tussag edilen üç adama terrorçylyk bilen bagly aýyplamanyň ýöňkelendigini aýtdy.

XS
SM
MD
LG