Sepleriň elýeterliligi

Türkmen türgenleşigi dowam edýär


Goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow

Goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow

Türkmen telewideniýesi ýekşenbe güni prezident G.Berdimuhamedowyň tabşyrygy esasynda bir gün ozal başlanan görkezme-söweş, taktiki tälim beriş türgenleşiginiň dowam edýändigini habar berdi.

Aýdylmagyna görä, bu türgenleşik ýurduň Ýaragly güýçleriniň we beýleki goşunlarynyň düzümindäki harby tehnikalaryň, uçarlaryň we dikuçarlaryň, söweşjeň gämileriň ýörişi bilen guramaçylykly dowam edýär.

Türkmen telewideniýesi ozal prezident Berdimuhamedowyň şenbe güni gije göni wideoşekilli aragatnaşyga çykyp, ýurduň goranmak ministri Ýaýlym Berdiýewe milli goşunyň söweşe taýýarlygyny barlamagy tabşyrandygyny habar beripdi.

Buýruga laýyklykda, harby ştab, ýagny dolandyryş ulgamy ýaýbaňlandyryldy, Gury ýer goşunlaryň, Harby-howa güýçleriniň, Howa hüjüminden goranyş we Harby-deňiz güýçleriniň bölümleri söweşjeň taýýarlyk ýagdaýyna getirildi.
Ýurduň harby ýolbaşçylarynyň öňünde söweşjeň atyşykly görkezme-taktiki tälim beriş türgenleşigini geçirmek wezipesi goýuldy.

Türkmen telewideniýesi sürüjisiz uçarlaryň kömegi bilen goşunyň hereket edýän ugurlaryna we okuw-türgenleşik meýdanlaryna aňtaw uçuşlarynyň geçirilendigini habar berýär.

Şeýle-de habarda Harby-howa güýçleriniň Mig-29 uçarlar toparynyň howa söweşini alyp barmak, goşunlary penalamak, Su-25 uçarynda we Mi-17 dikuçarynda ýerdäki nyşanalar boýunça ot açmak gönükmelerini dürs ýerine ýetirendikleri aýdylýar.

Duýdansyz barlagyň esasy maksadynyň goşunlaryň ähli görnüşleriniň bilelikde hereket etmek ukybyny berkitmekden we söweşjeň atyşyk endiklerini ösdürmekden ybaratdygy aýdylýar.

Türkmen metbugaty Aşgabadyň «sebitde howpsuzlygyň we durnuklylygyň saklanmagynyň kepili bolup durýan parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasata» eýerýändigini aýdýar.

Resmi habarlardan çen tutulsa, türkmen goşunynyň maddy-enjamlaýyn binýady, Saparmyrat Nyýazowyň prezidentlik eden ýyllaryndan tapawutlylykda, yzygiderli pugtalandyrylýar.

Ekspertleriň pikirlerine görä, Türkmenistana esasy harby howp, beýleki Merkezi Aziýa ýurtlaryna bolşy ýaly, terror toparlaryndan abanýar. Megerem şu sebäpden, Türkmenistanda geçirilýän harby taktiki-okuw türgenleşiklerinde terror toparlaryny ýok etmek, zamunlary boşatmak, terrorçylary tutmak ýaly mysaly söweş sahnalary ýaýbaňlandyrylýar.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG