Sepleriň elýeterliligi

Siriýa: Hökümet güýçleri Palmirany yzyna aldy


Palmira

Palmira

Siriýa hökümetiniň güýçleriniň Orsýetiň howadan urýan zarbalarynyň kömegi bilen taryhy şäher Palmirany "Yslam döwleti" atly jeňçi topardan yzyna almagyny prezident Başar al-Assad öz goşunynyň terrorizme garşy söweşde gazanan üstünligini görkezýän "möhüm sepgit" diýip taryplady.

Palmiranyň elden gitmegi 2014-nji ýylda Siriýanyň, Yragyň uly böleginde öz halyfatyny yglan eden ekstremistik topar "Yslam döwleti" üçin uly ýitgidir.

Bu merkezi şäheri gaýtadan eýelemek üçin Assadyň goşunyna üç hepdä golaý wagt gerek boldy. "Yslam döwleti" Palmirany 2015-nji ýylyň maý aýynda basyp alypdy.

Assad Damaska baran Fransiýanyň parlamentçilerinden durýan bir delegasiýa şeýle diýdi: "Palmiranyň azat edilmegibu gün möhüm üstünlik. Ol şol bir wagtda-da terrorizme garşy söweşde Siriýanyň goşuny bilen onuň ýaranlarynyň ýöredýänstrategiýasynyň şowludygyny görkezýän ýene bir alamatdyr" diýdi.

Assad şeýle-de Siriýada we Yrakda "Yslam döwleti" atly topara howa zarbalaryny urýan global ýaranlygy tankytlap, Siriýa goşunynyň gazanan ýeňşi "Birleşen Ştatlaryň ýolbaşçylygynda altmyşdan köp ýurdy öz içine alýan ýaranlygyň terrorizme garşy söweşde çynlakaý däldigini" görlezýär diýdi.

Siriýanyň telewideniýesi şol gün goşun bilen onuň söweşiji ýaranlarynyň Palmiranyň kontrollygyny öz ellerine alyp, indi şäheri jeňçileriň ýerleşdiren minalaryndan, bombalarynda arassalaýandygyny aýtdy.

Siriýanyň Britaniýada ýerleşýän adam hukuklary boýunça synçy topary 27-nji martda şäheriň gündogar bölegindehenizem atyşyklaryň barýandygyny, ýöne "Yslam döwleti" toparynyň jeňçileriniň aglabasynyň şäherden çykyp, gündogara tarap çekilendigini habar berdi.

Şäheriň gaýtaryp alynmagy soňky aýlarda "Yslam döwleti" we oppozision gozgalaňçy toparlara garşy söweşde dowamly öňegidişlik eden Assadyň hökümeti üçin saldamly simbolik we strategik ýeňiş bolup durýar.

Palmirany "Yslam döwleti" toparynyň demir galasy hasaplanýan Rakka şäheri bilen birikdirýän ýol indi goşunyň elinde. Bu bolsa bu toparyň jeňçileriniň diňe Yrak serhedine tarap gündogara çekilip biljekdigini aňladýar.

Siriýa goşunynyň başlyklary Rakkadaky we "Yslam döwletiniň" ýene bir güýçli ýeri bolan Deýr al-Zordaky jeňçilerine garşy gurnaljak indiki hüjümler Palmiradan ýolagoýlar diýdi.

Orsýetiň iki hepde mundan ozal öz harby guýçleriniň uly bölegini Siriýadan çekýändigini aýtmagyna garamazdan, uruş özüniň ýokary derejesine ýetende, onuň harby uçarlary gadymy şäheriň depesinden onlarça gezek howa zarbalaryny urdular.

Orsýetiň Goranmak ministrligi 27-nji martda öz güýçleriniň geçen 24 sagadyň içinde Palmira regionynda 40 gezek uçuş edip, "Yslam döwletine" degişli 117 ýeri nyşana alyp, 80-den köpräk jeňçini öldürendigini aýtdy.

Habar gulluklary, ministrlige salgylanyp, atyşyklary bes etmek düzgüniniň geçen 24 sagadyň içinde on gezek bozulandygyny habar berdiler.

Kremliň sözçüsi Dmitriý Peskowyň bildirmegine görä, prezident Wladimir Putin Assada jaň edip, Palmiranyň "Yslam döwleti" toparyndan basylyp alynmagyny gutlapdyr.

Siriýanyň adam hukuklary boýunça gözegçi toparynyň başlygy Rami Abdulrahman Palmira ugrunda giden söweşde "Yslam döwleti" toparynyň 400 jeňçisiniň, hökümet güýçlerinden we onuň bilen ýaran beýleki söweşijilerden hem jemi 180 adamyň öldürilendigini aýtdy.

Abdulrahman söweşi 2014-nji ýylda Siriýanyň we Yragyň bir bölegini yslam halyfaty diýip yglan edeli bäri bu jeňçi toparyň uçran ýeke-täk uly ýeňlişi diýip häsiýetlendirdi.

Siriýanyň hem Yragyň harby güýçleri bu toparyň halyfatynyň esasy merkezlerini yzyna almak üçin hüjüme geçeli bäri "Yslam döwleti" toparynyň jeňçileri basyş astynda.

Olaryň ýaňy üç aý mundan ozal Yragyň Ramady şäherinden kowlup çykarylmagy Yrak üçin uly ýeňiş hasaplanýar. Jeňçilerşeýle hem Yragyň Tikrit şäherini öten ýyl, Siriýanyň Al-Şaddady şäherini hem ýaňy fewral aýynda elden berdiler.

24-nji martda bolsa Yragyň goşuny ýurduň ikinji uly şäheri Mosuly gaýtaryp almak üçin hüjüme geçjekdigini aýtdy.Mosul 2014-nji ýylyň iýunynda bäri "Yslam döwleti" toparynyň elinde.

XS
SM
MD
LG