Sepleriň elýeterliligi

1916-njy ýylyň wakalary Merkezi Aziýa halklarynyň taryhynda gara sahypa bolup durýar. Bilşimiz ýaly o döwürde sebitde kolonial syýasat höküm sürýärdi. Halklar partyşa Russiýasynyň garamagyndady. Olar ähli hukuklardan kesilipdi hem kemsidilýärdi.

Ýowuzlyk

Hywa hanlygynyň garamagynda bolan türkmenler agyr salgyda duçar edilýär. Akademik Myrat Annanepesow “Türkmenistanyň taryhyndan materiallar” atly kitabynyň 203-nji sahypasynda ýazmagyna görä, Hywa hanlygyndaky ilatdan bir wagtyň özünde, jemi 24 dürli salgyt ýygnalypdyr. Munuň daşyndan, urşuň hajatlary üçin salgytlar bolupdyr. Türküstanyň general-gubernatory Hywa türkmenlerinden frontdaky atly goşuny üpjün eder ýaly, 10 müň içmek taýýarlamagy talap edipdir.

Ol wakalar taryhy çeşmelerde mälim bolsa-da, çeper edebiýatda o diýen rowaçlyk tapmady.

Rehimsiz dowam eden pajygaly wakalaryň çägi giň, biz ondan diňe bir meselä ýüzlenmekçi. Ol geň salgyt bilen baglanyşykly.

Gyz salgydy

Gazaply patyşanyň dikmeleri hem ýerli hanlar mal-pul salgytlaryndan daşary, maşgalanyň göz-guwanjy bolan ýaş gyzlara-da salgyt salypdyr. Toplum ýaşaýan obalar Hywa hany Isfendiýara bir ýaş gyzy sowgat etmeli ekeni.

Alym M. Annanepesow degerli maglumatlara esaslanýan, 1995-nji ýylda çap bolan kitabynda şeýle ýazýar. «1916-njy ýylyň başynda halk köpçüliginiň barha artýan närazylygy onuň gahar-gazaba çykmagyna getirdi. Muňa bahana bolan zat Isfendiýar hanyň haremhanasyna zor bilen gyz ýygnalmagydy.» (204-sah.)

Ýazyjy Beki Seýtäkow şol wakany “Gyz salgydy” powestinde beýan etdi. Eser beýle hadysanyň ýüze çykmagynyň sebäplerini dolulygyna öz içine alman, diňe bir pursady; bolan bir wakany beýan edýär. Garyp bendäniň naçar çagasy, oba gyzy şeýle salgydyň pidasy bolýar. Ýaş gyzy hanyň köşgüne alyp gidýärler. Ahyrynda eser şol gyzyň özüni heläklemegi bilen tamamlanýar.

Şeýle wakalar gahar-gazabyň joşmagyna hem tolgunyşyklara getirýär. Dürli ýerlerde Isfendiýar hanyň sütemine garşy ululy-kiçili gozgalaňlar ýüze çykyp başlady.

Jeza çäreleri

Halk tolgunyşygyny basyp ýatyrmak üçin, rus patyşasynyň goşuny kömege gelýär. Gozgalaňçylaryň ýaraglary elinden alynýar. Öwez hoja ýaly halkyň paýhasly serdarlaryny tussag edýärler.

Gozgalaňlary basyp ýatyrmak çäreleri general Galkiniň baştutanlygynda geçirilipdir. Jeza beriji goşunyň esasy wezipesi türkmenlere ýowuz temmi bermekden ybarat bolupdyr.

General Galkin iki ýarym aýlap, türkmen obalaryny otlapdyr hem ilaty gyrypdyr. Onuň goşuny wagşylarça hereket edip, ilatda abat gün-güzeran goýmandyr.

,,Otrýad türkmen halkynyň boýnuna täze harby kontribusiýa ýükläp, 3,5 million manat tölemäge borçly etdi. 1916-njy ýyla Hywa türkmenleri ,,Galkin ýyly” diýip at goýupdyr. Bu Russiýa Hywany basyp alandan soň türkmenleriň üstüne iberilen ikinji jeza beriji ekspedisiýady (birinjisi 1873-nji ýylda bolupdy) we halkyň ýadyndan çykmaz ýaly bolupdy” diýip, M. Annanepesow ýatlanan işiniň 205-nji sahypasynda ýazýar.

Belli ýazyjy

Şol wakalardan owaly bilen gyz salgydy meseelsi çeper edebiýata girip bildi. 1958-nji ýylda ýazyjy Beki Seýtäkowyň “Gyz salgydy” powesti kitap bolup çykdy. Eser ýazyjynyň döredijiliginde aýratyn orun tutdy. Hakykatda bolup geçen taryhy wakany beýan edýändigi üçin, ol köpçüligiň söýgüsini gazandy.

Şol wagtyň özünde ýazyjy "Doganlar" trilogiýasyny ýazmaga girişdi. Agyr ýyllaryň wakalaryny giň çäkde beýan edýän romanyň başky, 1-nji kitaby 1959-njy ýylda peýda boldy. Bu eserler Beki Seýtäkowa uly meşhurlyk getirdi.

Şeýle uly hyzmatyň başynda ýazyjynyň “Gyz salgydy” powestiniň durandygyny aýtmak gerek. Bu barada öz döwründe köp gürrüň edilipdi. Eser birnäçe dile, şol sanda rus diline terjime edildi.

Geçen asyryň 70-nji ýyllarynda belli aktýor hem režisýor Artyk Jallyýew ,,Gyz salgydy” eserini drama görnüşinde sahna çykardy.

Şol eserleri döreden Beki Seýtäkow dokument hasaby bilen 1914-nji ýylyň 31-nji martynda dünýä inipdi. 1979-njy ýylyň 8-nji martynda hem aradan çykdy.

Hudaýberdi Hally, ýazyjy.

Bu ýerde aýdylanlar awtoryň pikiri.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG