Sepleriň elýeterliligi

Müsürde ogurlanan uçar Kiprde gondy


Müsüriň howa ýollarynyň (EgyptAir) uçary

Müsüriň howa ýollarynyň (EgyptAir) uçary

Müsüriň howa ýollary (EgyptAir) dört daşary ýurtlynyň we ekipaž agzalarynyň takyklaşdyrylmadyk sanynyň ogurlanan uçarda galýandygyny, galanlara uçary terk etmäge rugsat berilendigini Twitter arkaly mälim etdi.

Aleksandriýadan Kaire barýan uçar 29-njy martda alnyp gaçyldy we Kiprde gonmaga mejbur edildi.

Müsüriň resmileri uçarda 81 adamyň bardygyny aýtdylar, ozal 62 adam barada habar berlipdi.

Müsüriň howa ýollarynyň (EgyptAir) uçaryny azyndan bir adamyň alyp gaçandygy we onuň ýaraglydygy çak edilýär.

Müsüriň mediasy uçary alyp gaçan adamyň müsürlidigini habar berdi.

“Al Arabiyanyň” maglumatyna görä, ol uçaryň howa galmagynyň yzýany öz bedeninde partlaýjyly keltekçesiniň bardygyny yglan edipdir.

Gysga wagtdan soň uçar kenarýaka Larnaka şäherinde gondy. Takyk bolmadyk sanly aýallara we çagalara uçary terk etmäge rugsat berildi.

XS
SM
MD
LG