Sepleriň elýeterliligi

Ukrainanyň üç partiýasy koalisiýa düzýär


Ukrainanyň parlamentiniň başlygy Wolodymyr Hroysman, Kiýew

Ukrainanyň parlamentiniň başlygy Wolodymyr Hroysman, Kiýew

Ukrainanyň parlamentdäki üç esasy partiýasy täze koalisiýany döretmek we parlamentiň spikeri Wolodymyr Hroysmany Ukrainanyň täze premýer-ministri wezipesine teklip etmek barada 29-njy martda ylalaşdylar, diýip partiýanyň wekili aýtdy.

Täze koalisiýa Ukrainanyň premýer-ministri Arseniý Ýatsenýugyň partiýasyny, prezident Petro Poroşenkonyň toparyny we öňki premýer-ministr Ýuliýa Timoşenkonyň “Batkiwşina” partiýasyny öz içine alýar.

Bu üç partiýa ozal hem koalisiýa boýunça partnýor bolupdy.

Öňki koalisiýanyň iki agzasy “Radikal” partiýa we reformaçy “Samopomoş” partiýasy bileleşige girmekden ýüz öwürdi.

Partiýalaryň arasynda koalisiýa düzmek barada gelnen ylalaşygyň bir aýa çeken syýasy gapma-garşylyklaryň we korrupsiýa bilen bagly aýyplamalaryň soňuna çykylmagynyň alamaty bolmagy çak edilýär.

Syýasy gapma-garşylyklar Günbataryň Ukraina 1.7 milliard dollar möçberde beriljek halkara maliýe kömeginiň ýerine talap eden reformalary yza tesdiripdi.

XS
SM
MD
LG