Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Bütindünýä Banky Azerbaýjana 140 million dollar berer


Ýol gurluşygy, Astara
Ýol gurluşygy, Astara

Bütindünýä Banky Azerbaýjana goşmaça 140 million dollarlyk karz berilmegini makullady. Bu pul Baku-Şamahi gara ýoluny ýaýbaňlandyrmak we kämilleşdirmek üçin niýetlenýär.

Proýekt Azerbaýjanda syýahatçylygy we senagat önümçiligini ösdürmek üçin amatly hasaplanýan daglyk merkezi we demirgazyk regionlarynyň transport gatnawyny gowulandyrmaga ýardam berer, diýip bank 28-nji martda aýtdy.

Şeýle-de proýekt Gürjüstanyň serhedine barýan günorta ýoluň bir bölegini öz içine alýar we paýtagt Bakuwy Azerbaýjanyň gündogaryndaky esasy oba hojalyk regionlary bilen baglanyşdyrýar.

Bütindünýä Banky geçmişde Azerbaýjanyň ýol ulgamyny maliýeleşdirmekde gowy tejribeleriniň bardygyny aýtdy. Bütindünýä Banky Azerbaýjanda jemi 3 milliard dollarlyk 55 sany proýekti maliýeleşdirdi.

Azerbaýjanda daşalýan ýükleriň 60% we ýolagçy gatnawynyň 90% gara ýollaryň paýyna düşýär.

XS
SM
MD
LG