Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Gyrgyzystan: 7 sany 'terrorçy" tussag edildi


Gyrgyzystanyň polisiýasy terrorçylary gözleýär

Gyrgyzystanyň polisiýasy terrorçylary gözleýär

Gyrgyz häkimiýetleri terrorçy toparyň agzasy bolmakda güman edilýän ýedi adamyň tussag edilendigini aýdýarlar.

Gyrgyzystanyň Milli howpsuzlyk boýunça döwlet komitetiniň 29-njy martda aýtmagyna görä, şübhelenýänler ýurduň regionlarynyň birinde howpsuzlyk operasiýasynyň dowamynda tussag edilipdir.

Resmi maglumata görä, tussag edilenler Ýakyn Gündogarda harby çärelere gatnaşdyrmak we Gyrgyzystanda terrorçylykly hereketleri amala aşyrmak üçin söweşijileri hakyna tutmakda güman edilýärler.

Gyrgyz häkimiýetleri 500-den gowrak gyrgyz raýatynyň, olaryň döretden bir bölegi zenanlaryň Siriýa we Yraga gidip, “Yslam döwleti” söweşiji toparyň düzümine goşulandygyny aýdýarlar.

XS
SM
MD
LG