Sepleriň elýeterliligi

Orsýet: Eýranyň synaglary BMG-niň rezolýusiýasyna garşy däl


ABŞ-nyň we Orsýetiň BMG-däki ilçileri Samantha Power (s) we Witaliý Çurkin (ç), BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň maslahatynda, Nýu Ýork

ABŞ-nyň we Orsýetiň BMG-däki ilçileri Samantha Power (s) we Witaliý Çurkin (ç), BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň maslahatynda, Nýu Ýork

Orsýet Eýranyň ýakynda amala aşyran raketa synagynyň BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň rezolýusiýasyny bozmaýandygyny aýtdy.

ABŞ we Ýewropanyň üç ýurdy ýaňy-ýakynda BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşine ýüzlenip, Eýranyň raketa synaglary sebäpli Tähran babatynda çäre görmäge çagyrdylar.

Bu ýurtlar Eýranyň synan raketalarynyň ýadro ýaragyny götermäge ukyplydygyny aýdýarlar. Olar raketa synaglarynyň Eýranyň ýadro programmasyny çäklendirmek boýunça halkara ylalaşygynyň baglaşylmagynyň yzýany BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň Eýran babatynda kabul eden rezolýusiýasyna ters gelýändigini belleýärler.

Moskwa munuň bilen razylaşmaýar.

“Rezolýusiýa synaglary gadagan etmeýär”, diýip Interfaks agentligi Orsýetiň Daşary işler ministrliginiň ýaraglaryň ýaýramazlygyna gözegçilik boýunça departamentiniň müdiri Mihail Ulýanowyň sözünden sitata getirýär.

Eýran mart aýynda synan “Şahab-3” we “Qiam-1” raketalarynyň BMG-niň rezolýusiýasynda agzalmandygyny aýdýar.

XS
SM
MD
LG