Sepleriň elýeterliligi

Pakistan protestçilere güýç görkezmäge taýýar


Radikal yslamçylar parlament binasynyň öňünde oturyp protest geçirýärler, Yslamabat, 29-njy mart, 2016

Radikal yslamçylar parlament binasynyň öňünde oturyp protest geçirýärler, Yslamabat, 29-njy mart, 2016

Pakistanyň resmileri polisiýanyň Yslamabatda parlament binasynyň öňünde protest geçirýän ýüzlerçe radikal yslamçyny dargatmaga taýýardygyny aýtdy.

Munuň öňüsyrasynda 29-njy martda içeri işler ministri Çaudhry Nisar Ali Han protestçileriň oturup geçirýän demonstrasiýasyny bes etmedik ýagdaýynda hökümetiň olara garşy güýç ulanyp biljekdigini duýdurdy.

Han herekete taýýar 7000 adamlyk howpsuzlyk güýçleriniň hökümetiň tabşyrygyna garaşýandygyny aýtdy.

Pakistanyň “Tahreek” atly sünni toparyndan 10 müň çemesi yslamçy 27-nji martda Yslamabatda ýygnanyp, geçen aýda Mumtaz Kadriniň asylyp öldürilmegine öz garşylygyny mälim etdiler. Kadri 2011-nji ýylda Pakistanyň dine dil ýetirmek baradaky kanunyny reformirlemegiň tarapynda çykyş eden häkim

Salman Taseeri öldürmekde günäli tapylyp, jezalandyrylypdy.

Şeýle-de protestçiler janyna kast edilen häkimiň gorap çykyş eden tussaglykdaky hristian zenanynyň ölümini talap edýärler.

Hökümet protestçileriň talabyny berjaý etmekden ýüz öwürýär.

XS
SM
MD
LG