Sepleriň elýeterliligi

BMG bosgunlar meselesinde raýdaşlyga çagyrdy


BMG-niň Baş sekretary Ban Ki-Moon, Ženewa, 30-njy mart, 2016

BMG-niň Baş sekretary Ban Ki-Moon, Ženewa, 30-njy mart, 2016

BMG-niň Baş sekretary Ban Ki-Moon ähli ýurtlary 2018-nji ýyla çenli ýarym million Siriýaly bosguny ýerleşdirmek meselesine gatnaşmaga we raýdaşlyk görkezmäge çagyrdy.

Ban Ki-Moon bu beýannamasy bilen BMG-niň bosgunlar agentliginiň (UNHCR) 30-njy martda Ženewada ministrler derejesinde geçiren konferensiýasynda çykyş etdi.

Siriýada bäş ýyl bäri dowam edýän konflikt zerarly azyndan 250 müň adam wepat boldy we bäş million bosgun ýurduň daşyna çykdy.

Ženewadaky maslahatdan öň fewral aýynda Londonda geçirilen konferensiýada dünýä ýurtlary Ikinji Jahan urşundan soňky döwürde dünýä derejesinde iň uly göçüşligi düzgünleşdirmek meselesine 11 milliard dollar möçberde pul kömegini wada berdiler.

XS
SM
MD
LG